Sarykamyş şehitleri hatyralanýar

Sarykamyş harby operasiýasyndan bäri bir asyr geçdi, emma şehitler unudulmady

170324
Sarykamyş şehitleri hatyralanýar

Türkiýäniň çar tarapyndan uly-kiçi hemme Sarykamyşa bardy.
Şehitler “Türkiýe şehitleri bilen ýöreýär” atly hatyralama çäresinde dabara bilen hatyralandy.
Hatyralama çäresi ýaşlar we sport ministri Çagataý Kylyjyň çykyşy bilen açyldy.
Çärede medeni we sungat görkezlişleri ünsleri çekdi.
Teatr çykyşynda Sarykamyş operasiýasynda Enwer serkerdäniň ýolbaşçylygynda – 40 gradusda doňup, şehit bolan 90 müň esgeriň başdan geçirilenleri suratlandyryldy.
Şehitler üçin elegiýalar aýdyldy.
Baýrakdepe lyža merkezinde-de fakelli lyža görkezlişi geçirildi.
Hatyralama çäresi müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Kyzylçubuk etrabyndan şehitlige ediljek ýöriş bilen tamamlanar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar