Ahmet Dawutogly Adana welaýatynda çykyş etdi

Dawutogly “Türkiýäniň Ýakyn Gündogar baradaky çemeleşmesi goldanmady, sebit haosa iteklendi”

147726
Ahmet Dawutogly Adana welaýatynda çykyş etdi

Premýer ministr Dawutogly käbir töwerekleriň sebitde bileleşigiň emele gelmeginiň öňüni alandygyny aýtdy.
Adana welaýatynda Senagatçy işewürlere ýüzlenip çykyş eden Ahmet Dawutogly, Siriýada Başar Asadyň Türkiýe bilen bilelikde demokratiýa ýolunda ýöremegiň ýerine öz halkyny gyrgyna bermäge başlandygyny nygtady.
“Liderlik ukybyna eýe bolmadyk käbir döwlet adamlarynyň ýol beren pajygalarynyň iň agyr, iň gynandyryjy mysaly gynansagam Siriýada başdan geçirildi” diýen Dawutogly, ähli tagallalara we geçmişde özüne uly goldaw we kömek berendiklerine garamazdan Başar Asadyň olary görkediksirändigine ünsi çekdi.
Bir zadyň özüni gynandyrýandygyny nygtan Dawutogly “Siriýada içerki uruş başlamazdan ozal Türkiýe, İordaniýa, Liwan we Siriýa tarapyndan 4 taraplaýyn Lewant bileleşigini döretjekdik. Emma kimdir biri öňüni aldy. Kimdir biri Ýakyn Gündogaryň gan kölüne öwrülmegini isledi. Biziň islegimiz, arzuwymyz bolan serhetlere sarpa goýulýan, emma ykdysady taýdan birleşen Ýakyn Gündogar pikirini, Türkiýe tarapyndan öňbaşlylyk edilen pikiri ýok etmäge synanşdylar we görşüňiz ýaly nähili ýagdaýa düşdi” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar