Çawuşogly NATO agza ýurtlaryň maslahatyna gatnaşar

Maslahatda global we sebitara howpsyzlyk meselesine garalar

208668
Çawuşogly NATO agza ýurtlaryň maslahatyna gatnaşar

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty Brýusselde geçirler.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 2-nji dekabrda Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.
Maslahatda global we sebitara howpsyzlyk meselesine garalar.
Ukraina krizisine hem garaljak maslahatyň çäginde NATO-Ukraina komissiýasy ministrler derejesinde jemlenşer.
Maslahatda Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän wakalar bilen YSYS terror guraamsyna garşy göreşiň çäginde ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde guralýan operasiýalar meselesi hem gün tertibine getirler.
Çawuşogly maslahatyň çäginde kärdeşleri bilen iki çäk duşuşyklar hem geçirer.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar