Dawutogly Türkiýäniň täze Premýer ministri bolar

Erdogan Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň dalaşgärligini beýan etdi

99610
Dawutogly Türkiýäniň täze Premýer ministri bolar

Türkiýäniň täze Premýer ministri Ahmet Dawutogly bolar.
Düýn ünsler Adalat we Ösüş partiýasyna gönükdi…
Premýer ministr R. T. Erdoganyň Prezidentlige saýlanmagyndan soň Adalat we Ösüş partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşi partiýanyň başlygynyň kim boljakdygyny kesgitlemek üçin jemlenişdi.
Maslahatda partiýanyň başlygynyň kesgitlenmegi üçin 2 hepdeden bäri geçirilýän gepleşik etaby seljerildi.
Halk deputatlarynyň, partiýanyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň garaýyşlary ünslilik bilen diňlendi.
Adalat we Ösüş partiýasynyň merkezi ýerine ýetirjiler geňeşiniň taryhy maslahaty 3 sagat dowam etdi.
Premýer ministr R. T. Erdogan Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň dalaşgärligini beýan etdi.
Erdogan Adalat we Ösüş partiýasynyň 27-nji awsutda geçiriljek gurultaýynda “Premýer ministrlige we partiýanýń başlýklýgýna dalaşgärimiz daşarý işler ministrimiz Ahmet Dawutoglý” diýdi.
Erdogan çykyşynda täze konstitutsiýa we çözgüt etabyna hem ünsi çekdi.
Täze konstitutsiýanyň Türkiýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýandigini aýdan Erdogan, Dawutoglynyň meselä uly ähmiýet berjekdigine ynanýandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar