Selahattin Demirtaş saýlaw propogandasyny dowam etdirýär

Demirtaş diňe kürt halkynyň däl eýsem ähli gatlaklaryň prezidentlige dalaşgaridigini aýtdy

130043
Selahattin Demirtaş saýlaw propogandasyny dowam etdirýär

Prezidentlige dalaşgär we Halklaryň Demokratik partiýasynyň egindeş başlygy Selahattin Demirtaş saýlaw propogandasyny dowam etdirýär.
Selahattin Demirtaş düýn Ankarada Adam hukuklary jemgyýetiniň we Bilim kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylary bilen aýry aýry duşuşdy. Demokratik Yslam kongresiniň beren agzaçaryna gatnaşdy.
Demirtaş agzaçarda eden çykyşynda diňe kürt halkynyň däl eýsem ähli gatlaklaryň prezidentlige dalaşgaridigini we ýörelgelerine Türkiýäniň çar tarapyndan goldaw berilýändigini aýtdy.
Demirtaş Türkiýäniň şu gün Siriýa we Yrak ýaly dartgynly ýurda öwrülmezliginiň halklaryň jebislikde asuda ýagdaýda ýaşamak islegine esaslanýandygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar