Türkiýe Ysraýyly we Palestinany dartgynlygy gowşatmaga çagyrdy

Gündogar İýerusalimde palestinaly ýaşlardan biriniň zamun alynyp öldürilmeginden soň dartgynlyk möwjeýär

117254
Türkiýe Ysraýyly we Palestinany dartgynlygy gowşatmaga çagyrdy

Zamun alynan 3 ysraýyllynyň öldürilmeginden soň palestinaly ýaşlardan biriniň öldürilmegini “ilkidurmuş ar-alyş duýgulary bilen edilen wagşy jenaýat” hökmünde häsýetlendiren Türkiýäniň daşary işler ministrligi, jenaýatçylaryň gysga möhletde ele salynmagyny isledi.
Türkiýäniň daşary işler ministrligi waka barada çap eden ýazmaça beýanatynda edilýän jenaýatlaryň başga datgynlyklara sebäp bolmagyna uly alada bildirdi.
Möwjeýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin ähli taraplary degişli tagallany etmegä çagyran daşary işler ministrli Ysraýylyň Palestinanyň bütin halkyny jezalandyrmaga gönükdirilen aşa güýç ulanmagyny bes etmelidigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar