Türkiýede ünsler awgust aýyndaky prezident saýlawlaryna gönükdi

Adalat we ösüş partiýasy hepdäniň ahyrynda, HDP bolsa indiki hepde dalaşgärini yglan eder

104402
Türkiýede ünsler awgust aýyndaky prezident saýlawlaryna gönükdi

Entek häkimieýt başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň dalaşgäri halk köpçüligine yglan edilmedi. Oppozisiýanyň esasy partiýalaryndan Respublikan halk partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň bilelikdäki dalaşgäri Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ozalky baş sekretary professor Ekmeleddin İhsanoglynyň yglan edilmegi bilen uly beýan tapdy.
İhsanoglunyň dalaşgärligi barasynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sosial mediada dürli analizler berilmäge dowam edilýär.
Halk köpçüligi esasanda İhsanoglunyň Premýer ministr R.T.Erdogan prezidentlige dalaşgär bolan halatynda saýlanyp-saýlanmajakdygy we aljak ses mukdary bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Ekmeleddin İhsanogly dalaşärliginiň yglan edilmeginden soň “Prezidentiň halkymyz tarapyndan ilkinji gezek saýlanmagy taryhy waka. Beýik milletimize wekilçilik edýän bu wezipä dalaşgärlik barasynda dürli pikirlere eýe bolan syýasy partiýalaryň arasynda bir pikire barylmagy we jemgyýetiň ähli gatlaklaryny özünde birleşdirýän utgaşyklygyň emele gelmegi meni begendirýär” diýdipdi.
İhsanogly saýlaw üçin taýarlyklara-da başlady.
Ekmeleddin İhsanogly dalaşgärlige ýüz tutmak üçin Stambulyň Adalat köşkünden iş kesilmändigi barasynda delilnama aldy.
Premýer ministr Erdogan: “Garaşylmadyk göçüm edip bileris”
Beýleki tarapdan Premýer ministr R.T.Erdogan Ýewropa saparynyň çäginde Fransiýadan gaýdyşyn “Oppozisiýanyň prezidentlige görkezen dalaşgäri üýtgän halatynda sizdäki şertler hem özgerip bilermi?” diýlen soraga “Bolup biler, garaşylmadyk göçüm edilip bilner” diýip jogap berdi.
Adalat we ösüş partiýasynyň dalaşgäri hepdäniň ahyrynda belli bolar
Adalat we ösüş partiýasynyň üstümizdäki hepdäniň dowamynda käbir duşuşyklardan soň hepdäniň ahyrynda dalaşgärini yglan etmegine garaşylýar.
Halklaryň demokratik partiýasynyň (HDP) dalaşgäri geljek hepde belli bolar
HDP-nyň nobatdan daşary maslahatynda täze egindeş ýolbaşçylary saýlandy.
Selahattin Demirtaş we Figen Ýüksekdag täze egindeş ýolbaşçylar hökmünde saýlandylar.
Partiýa prezidentlige dalaşgärlige kimi görkezjekdigini indiki hepde yglan eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar