Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

Emma ünsler Stambulyň Taksim meýdanynda…

Stambulyň gubernatorlygy howp sebäpli Taksimde uly toparlar bilen dabara geçirilmegine rugsat bermegi.

Taksim meýdany bilen meýdana birikýän ähli ýollar ulag we pyýada gatnawyna ýapyldy.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri Kazanjy eňňidinde 1977-nji ýylda ýogalan 34 adam üçin hatyralama çäresini geçirdi.

TÜRK-İş we HAK-İş Kazanjy eňňidine we Taksim meýdanyndaky respublika ýadygärligine gül desselerini goýdy.

TÜRK-İş-iň ýolbaşçysy Ergun Atalaý 81 welaýatdan Taksime ýalkymly salam getirendiklerini nygtap, mundan 37 ýyl ozal başdan geçirilen wakalaryň sebäpkärleriniň kimdigini bilmek isleýändiklerini aýtdy.

Beşiktaş, Okmeýdany we Mejidiýeköý etrapçalaryndan Taksime gitmek islän toparlara polis çäre gördi.

TÜRK-İş we Zähmetkeşler partiýasy 1-nji maý Zähmetkeşleriň raýdaşlyk gününi Kadyköý meýdanynda belläp geçýär.

1-nji maý dümnýäniň köp Saly ýurdunda-da dürli dabaralar bilen bellenilip geçilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar