Stambulda Türk-Nemes uniwersiteti açyldy

Prezident Abdulla Gül Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk bilen birlikde Stambulda Türk-Nemes uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

61786
Stambulda Türk-Nemes uniwersiteti açyldy

Prezident Abdulla Gül Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk bilen birlikde Stambulda Türk-Nemes uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Gül bilim pudagynda Türkiýe bilen Germaniýanyň ýakyndan gatnaşyk edýändigine ünsi çekdi we uniwersitetiň şol çäkde uly jogapkärçiligi öz üstüne aljakdygyny belledi.

Abdulla Gül Türk-Nemes uniwersitetiniň açylmagyna ýürekden goldaw berendiklerini nygtap, “Türkiýede Türk-Nemes uniwersitetiniň bolmazlygy hakykatdan hem uly kemçilikdi. Şol kemçiligiň ortadan aýrylandygyny görmekden hoşal”diýdi.

Prezident Gül Türk-Nemes uniwersitetiniň tehnalogiýa taýdan bilim bermegini arzuw edýändigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar