Erdogan "PBS" teleýaýlymyna interwýu berdi

Premýer ministr Erdogan ilkinji giňişleýin interwýusyny Amerikanyň “PBS” teleýaýlymyna berdi

Erdogan "PBS" teleýaýlymyna interwýu berdi

Premýer ministr R.T.Erdogan ýerli saýlawlardan son daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ilkinji giňişleýin interwýusyny Amerikanyň “PBS” teleýaýlymyna berdi.

“PBS” teleýaýlymynyň tejribeli alyp baryjysy Çarli Rozyň soraglaryna jogap beren Erdogan Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynda ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň tagallasynyň möhümdigini nygtady.

Premýer ministr Erdogan “Premýer ministr Netanýahunyň telefon arkaly ötünç soramagy Prezident Obamanyň tagallasy bilen mümkin bolupdy” diýdi.

Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky soraga “Gyrgynçylyk bolan bolsady, şu günki günde Türkiýede ýaşaýan ermeniler bolmazdy” diýip jogap berdi.

Premýer ministr interwýusynda Siriýadaky içerki urşuň Türkiýä ýetiren täsirlerini hem gürrüň berdi.

R.T.Erdogan Türkiýede 200 müňi lagerlerde, jemi 700 müňden gowrak siriýalynyň bardygyny aýtdy.

Erdogan siriýalylar üçin 3,5 milliard dollar sarp edilendigine garamazdan daşary ýurtlardan berilen goldawyň 150 million dollardygyny gürrüň berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar