Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk Ankara geldi

Ýoahim Gauk Prezident Abdulla Gül tarapyndan Çankaýa köşgünde resmi dabara bilen garşylandy

Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk Ankara geldi

Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk Ankara geldi.

Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk Prezident Abdulla Gül tarapyndan Çankaýa köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Myhman Prezident Türkiýe saparyna Kahramanmaraş welaýatyndan başlady.

Germaniýanyň Prezidenti saparynyň çäginde siriýalylaryň bosgunlaryň bolýan çadyr şäherçesine hem baryp gördi.

Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gauk soň bolsa Ankara geldi.

Ankarada ilki Atatürküň kümmetine baryp gören Germaniýanyň Prezidenti Gauk Prezident Abdulla Gül tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

İki kärdeş özara we toparara duşuşyklarda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady, söwda, syýasy we medeni gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Myhman Prezident saparynyň çäginde Premýer ministr Erdogan bilen duşuşar we Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetinde konferensiýa berer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar