Germaniýaly ministr Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy

Özoguz Türkiýäniň Siriýaly bosgunlara gujak açmagynyň takdyra laýykdygyny aýtdy

Germaniýaly ministr Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy

Germaniýanyň asly türk Bosgunlardan we utgaşyklykdan jogapkär döwlet ministri Aýdan Özoguz Türkiýäniň Siriýaly bosgunlara gujak açmagynyň takdyra laýykdygyny aýtdy.

Ministr Özoguz Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gaukyň Kahramanmaraşa guran saparynyň çäginde Siriýaly bosgunlaryň bolýan çadyr şäherçesine we nemes esgerleriniň iş alyp barýan Patrion operasiýa merkezine baryp gördi.

Germaniýanyň federal hökümetiniň ilkinji türk ministri Özoguz bosgun düşelgesindäki şertleriň diýseň gowydygyny we Türkiýäniň bosgunlar meselesinde öz üstüne düşýän ähli adamkärçilik wezipesini ýerine ýetirýändigini nygtady.

Haýsydyr bir ýurduň gysga wagtda 900 müň adamy ýurduna kabul etmeginiň beýle aňsat bolmandygyny aýdan ministr Özoguz, Türkiýäniň Siriýaly bosgunlara berýän kömeginiň takdyra laýykdygyny aýtdy.

Germaniýanyň Bosgunlardan we utgaşyklykdan jogapkär döwlet ministri Aýdan Özoguz Germaniýanyň hem bosgunlara kömek bermek hakynda pikir etmelidigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar