Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Hulusi Akar grek kärdeşi bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Gresiýanyň Goranmak ministri Apostolakis bilen duşuşandygyny ýazýar. Gazet Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen NATO-nyň Goranmak ministrleriniň derecesindäki maslahatynda Türkiýä wekilçilik eden Akaryň ikiçäk duşuşyklar geçirendigi, Akar-Apostolakis duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky meseleler boýunça pikir alyşylandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Wenesuela edilýän eksport 3 esse ýokarlady” söz başyly habarynda, Türkiýeden Wenesuela edilýän eksportyň geçen ýyl 222 göterim ýokarlap, 120,8 million dollara barabar bolandygyna ünsleri çekýär. Habarda Wenesuela esasan azyk önümleriniň eksport edilendigini, 27,8 million dollarlyk makaron, 13,6 million dollarlyk günabakar ýagfynyň, 7,8 million dollarlyk bugdaý ununyň we 5,4 million dollarlyk gyzyl mercimegiň eksport edilendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “TEKNOFEST” taýarlyklary başlady” söz başyly habarynda, dünýäniň awiasiýa pudagyndaky belli festiwallaryndan biri bolan “TEKNOFEST Stambul” Awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynyň 17-22-si aralygynda Atatürk howa menzilinde geçirilcekdigini mälim edýär. Gazet festiwala şu ýyl 1 million adamyň gelip görmegine garaşylýandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Eýranly syýahatçylar Palandökene uly gyzyklanma görkezýär” söz başyly habarynda, Erzurumyň Palandöken şyža merkezindäki myhmanhanalaryna eýranly syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirendigini, myhmanhanalaryň 90 göterime çenli dolandygyny, eýranly syýahatçylaryň türk dilini bilýändikleri üçin bolsa hiç hili kynçylyk çekmeýändigini mälim edýär.

“Star” gazeti “TCG Anadoly golaýda ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrligi tarapyndan köp maksatly amfibiýa hücüm gämisi “TCG Anadolynyň” ýylyň birinci çärýeginde ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar