Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe DAİŞ bilen PKK-nyň arasyndaky gara söwdany paş etdi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň mundan bir hepde ozal Türkiýede ele salynan bombaly ulagyň aňyrsyndaky “gara söwda” barada beýanat berendigini ýazýar. Habarda Türkiýä duzak gurmaga synanşanlaryň we olara serhediň aňyrsyndan buýruk berenleri ele salandyklaryny beýan eden Soýlunyň hüjüm guramagy meýilleşdiren terrorçynyň DAİŞ-e agzadygyny, onuň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň elindäki 100 sany DAİŞ terrorçysynyň boşadylmagy üçin ÝPG/PKK bilen ylalaşandygyny boýun alandygyny mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Howadan şolbir wagtda wideo ýazgy alyp berýän ýerli dron öndürildi” söz başyly habarynda, ýerli tehnologiýa aragatnaşyk ulgamy “Turkselliň” 5G formatynda gözegçilik edilýän we 360 gradus 4K wideo ýazgyny göni ýaýlymda alyp berýän ýerli dronyň oýlanyp tapylandygyny ýazýar. Gazet bu enjam arkaly senagat pudagynda nebit we tebigy gaz geçirijileriniň gözegçiligi bilen ekerançylyk pudagynda ekin meýdanlarynyň gözegçiliginiň ýeňillik bilen ýola goýuljakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Trakiýadan uly buşluk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň energetika pudagyndaky maýa goýumlarynyň we täze känleriň açylmagy üçin barlaglaryň ýokary depginde dowam edýändigini, Trakiýada Baty Çeltik-1 guýusynda tebigy gazyň tapylmagy bilen işleriň depgininiň hasam güýçlenendigini ýazýar. Habarda energetika hünärmenleriniň beýan etmegine görä Trakiýada esasy açyşyň gaýa gazynda boljakdygyny ünsi çekýändigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Türkiýede ýel energiýasy pudagynda geçen ýyl 650 million dollar maýa goýuldy” söz başyly habarynda, habarnama görä Türkiýäniň ýel energiýasynda eýe bolan güýjüniň 497 megawatt ýokarlandygyny mälim edýär. Gazet welaýatlara görä ýel energiýasynda İzmiriň birinji, Balykesiriň bolsa ikinji orny eýeleýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “FİFA-nyň futbol maslahaty Stambulda öz işine başlaýar” söz başyly habarynda, FİFA agza 47 federasiýanyň başlyklarynyň we ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň Futbol maslahatynyň şu gün öz işine başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet maslahatda FİFA-nyň özgertmelerine esas boljak strategik meseleleriň seljeriljekdigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar