Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Yragyň demirgazygynda PKK degişli pozisiýalar derbi-dagyn edildi” söz başyly habarynda, düýn Yragyň demirgazygyndaky Metina we Zat etrapçalaryna howa operasiýasynyň guralandygyny, Milli goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen habarnamada guralan operasiýalaryň netijesinde terror guramasyna degişli ýarag pozisiýalarynyň, gaçybatalgalaryň we ok-däri ammarlarynyň derbi-dagyn edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Nemes metbugaty ýazdy: “Türkiýe bolmasa gözegçilik elden gider” söz başyly habarynda, Germaniýada çap edilýän “Spiegel” gazetiniň Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Siprasyň Türkiýe sapary barada çap eden makalasynda Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylda gol çekişilen Bosgunlar hakyndaky ylalaşyk barada “Türkiýe bilen gazanylan ylalaşykdan soň Egeý denizinden Gresiýa geçýän bosgunlaryň sany diýseň azaldy. Grek adalary bosgunlaryň ejir çekýän tussaghanasyna öwrülipdi. Emma ýene-de Türkiýe ylalaşykdan çekilen halatynda Midilli, Çios we Kos adalaryndaky şertleriň gözegçiligi elden giderdi” diýip ýazýandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk är-aýalyň ABŞ-daky üstünligi” söz başyly habarynda, ABŞ-da ýaşaýan iki sany türk alymynyň uly üstünlik gazanandygyny mälim edýär. Gazet Massaçutes General hassahanasynda ylmy barlag geçiren genetika boýunça hünärmen Mihriban Ýyldyrymyň çalt ýaýraýan göwüs ragynda bejergi kabul etmeýän öýjükleri we muňa sebäp bolýan mehanizmi anyklamagyň hötdesinden gelen bolsa, maşyn gurluşyk inženeri Murat Ýyldyrymyň bolsa beýni öýjüklerini ýokary derejede görüp bilýän mikroskopy oýlap tapandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Sabiha Gökçen howa menzilinde uly üstünlik” söz başyly habarynda, Türkiýedäki esasy howa menzillerinden biri bolan Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň 2018-nji ýylda 34 million ýolagçy gatnaşyp, Ýewropada 12-nji orny eýeländigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk howaýollaryna iki baýrak birden” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň uçarlaryň maliýe üpjünçiligi taýdan iki baýraga laýyk görülendigini ýazýar. Habarda Türk howaýollaryndan berilen beýannama görä gurama oktýabr aýynda gowşurylan B777-F kysymly ýük uçarynyň 110 million ýewro barabar döwrebap we özboluşly maliýe üpjünçiligi netijesinde 21-nji ýanwarda İrlandiýanyň paýtagty Dublinde geçirilen “Airlaýn Ekonomik Global Awiasion 100 Global Lider” baýrak gowşurlyş dabarasynda “Ýylyň iň başarjaň maliýe üpjünçiligi” baýragyna laýyk görülendigini, beýleki bir baýragyň bolsa Britaniýanyň paýtagty Londonda 31-nji ýanwarda geçirilen “Global Transport Finans” dabarasynda gowşurylan “Ýylyň iň başarjaň salgyt üpjünçiligi maliýeleşdirmesi” atly baýrakdygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar