Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “S-400 ulgamynyň Türkiýä getiriljek wagty beýan edildi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Federal Harby we tehniki hyzmatdaşlyk edarasynyň başlygy Dmitriý Şugaýewiň S-400 raketa goranyş ulgamlarynyň ylalaşyga laýyklykda 2019-njy ýylyň güýzünde Türkiýä gowşuryljakdygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Şugaýewiň: “Türkiýäniň isleg portfeli häzirki wagtda 1 milliard dollardan ýokarda. Ulgamyň gowşurlyş möhletini iki gezek öňe süýşürdik we 2019-njy ýylyň güýzünde borçlarymyzy berjaý ederis” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Tebigy saglyk göwheri: magnetiki gara gum” söz başyly habarynda, dünýä boýunça alyp barýan bejergi usullary bilen özüni tanadan we Garadeňiz sebitinde-de täze oýlanyp tapylan “magnetiki gara gumyň” timus mäzini işledip, stress we uky näsazlygyndan gury agyra, deri kesellerine peýdalydygyny mälim edýär. Habarda dünýäniň belli ýerlerinde bolan we Türkiýäniň Garadeňiz sebitinde Ordu welaýatynyň Ünýe etrabynda gabat gelinen magnetiki gara gumuň düzümindäki minerallaryň baýlygy bilen üsnleri çekýändigi nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Türk howaýollary Superklasikoda meýdança çykar” söz başyly habarynda, dünýä boýunça möhüm hemaýatkärlikler eden Türk howaýollarynyň Latyn Amerikada dünýäniň esasy futbol bäsleşiklerinden Argentinanyň “Superklasikoda” hemaýatkärlik etjekdigini ýazýar. Gazet Riwer futbol klubynyň stadionyň ulanylmagy we sosial mediada hyzmatdaşlyk üçin Türk howaýollaryna teklip hödürländigini, şeýlelikde Türk howaýollarynyň reklamasynyň Riwer Platyň egin-eşiklerinde we Estadio Monumental stadionynda görkeziljekdigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Huawei Türkiýede düşürilen ilkinji reklamasyny efire berdi” söz başyly habarynda, Hytaýyň öýjükli telefon öndürijisi “Huaweiniň” P smart 2019 teleýaýlym reklamasynyň ýaýlyma berilendigini, filmiň Türkiýede surata alynan ilkinji reklama bolmagy taýdan özboluşlyga eýedigi we Türkiýäniň taryhy ýerleriniň tanyşdyrylýandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Daşary ýurtly maýadar biržada 2019-njy ýyla işdäli başlady” söz başyly habarynda, Birža Stambulda ýanwar aýynda 798 million dollarlyk paýnama alan daşary ýurtly maýadarlaryň şeýlelikde 2017-nji ýyldan bäri iň ýokary mukdarly aluwy amala aşyrandygyna ünsleri çekýär. 2017-nji ýylyň ýanwarynda 816 million dollarlyk aluw eden daşary ýurtly maýadarlar şu günki güne çenli sap aluw taýdan şol çäge ýetmändiler. Daşary ýurtly maýadarlar 2019-njy ýylyň birinji aýynda ýokarlan global howp isleginiň täsiri bilen Birža Stambulda güýçli aluwyň tarapynda durýar.



Degişli Habarlar