Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Siriýa meselesinde beýanat berdi: Öz başymyzy özümiz çararys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda sözlän sözünde Siriýa meselesine ünsi çekip; “Eger ABŞ beren sözünde durmasa we birnäçe hepdäniň dowamynda terrrorçylary Manbijden çykarmasa, biz netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan işe girişeris. Türkiýe öz başyny çarar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Moratinos: Türkiýe bolmadyk bolsady, Medeniýetleriň arkalaşygy iş ýüzüne geçmezdi” söz başyly habarynda, BMG-niň Medeniýetleriň arkalaşygy düzümi boýunça ýokary wekili Miguel Moratinosyň: “Türkiýe bolmadyk bolsady Medeniýetleriň arkalaşygy iş ýüzüne geçmezdi. Türkiýe arkalaşygyň işleriniň dowam etdirilmeginde ynamly we işjeň ýurt” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň asuda şäheri Erzurum buz şaglawuklary bilen Alp daglaryna meňzeýär” söz başyly habarynda, gyş paslynda syýahatçylyk merkezine öwrülýän Erzurumyň asuda şäher yglan edilen Uzundere etrabyndaky şaglawuklaryň doňmagy bilen buz üýşmekleriniň 300 metr belentlige çenli baryp ýetendşigini mälim edýär. Gazet buz üýşmekleriniň buz alpinizmi üçin dünýäde alternatiw ýerler gözleýän alpinistlere ajaýyp şertler döredýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Stambuly öwrener” söz başyly habarynda, rus modeli Kat Grigorýewanyň şu gün açylan Linexpo Stambul sergisine gatnaşandan soň bäş günüň dowamynda Stambulda bolup, syýahatçylyk merkezlerine baryp görjekdigini, söwda etjekdigini we türk tagamlaryndan dadyp görjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Syýahatçylykda “asuda sezonda rekor” söz başyly habarynda, syýahatçylyk pudagynda 2018-nji ýyly uly rekord goýan Antalýada ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 53,8 göterim ösüş edilip, 142,3 müň syýahatçynyň kabul edilendigine üns çekilýär.



Degişli Habarlar