Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Siriýaly Fida: türkleri gören mahalym bu dünýäniň entegem gowudygyny duýýaryn” söz başyly habarynda, Siriýada Başar Asada bagly güýçleriň hüjüminde aýagyny, kakasyny we doganlaryny ýitirmegine garamazdan, serhet zolagyndaky bosgunlaryň çadyr düşelgelerinde meýletin ýagdaýda mugallymçylyk edýän Fida Hasanyň, türk guramalaryň kömegi bilen aýak protezine gowuşandygyny habar berýär. TRT Belgesel kanaly tarapyndan 2-nji fewralda ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly wideosy görkezilen Fida Hasan: “Türk milleti güler ýüzli we höşgöwünli. Köçede meni gören adamlar maňa kömek etdiler. Sebäbi men ol wagtlar maýyp arabasy bilen ýaşaýardym. Türkleri gören mahalym bu dünýäniň entegem gowudygyny duýýardym. Ömrümiň ahyryna çenli olardan hoşal galaryn” diýdi.

Sabah gazedi: “Türkiýe goranyş önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji 10-lykda” söz başyly habarynda, Prezidentiň Goranyş senagaty edarasynyň başlygynyň orunbasary Serdar Demireliň: “Türk Goranyş senagatynyň geçmişdäki 15 ýyllyk döwrüne ser salanymyzda ýokary tarap barýan önümçiligi bilen dünýäde goranyş senagaty boýunça ilkinji 10-lyga girdi” diýip belländigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň milli taňkyny hiç hili goşant bolmadan özüniň öndürendigini, F-35 harby uçar taslamasynda hem uly goşandygynyň bolandygyny aýdan Demireliň: “Milli dikuçarymyz Gökbeý synag uçuşlaryny amala aşyrýar” diýendigi nygtalýar.

Star gazedi: “Dünýäniň iň gymmat banklarynyň arasynda Türk banklarynyň biri bar” söz başyly habarynda, Ziraat bankynyň, dünýäniň öňbaşçy markalary derejelendirme kärhanasy Brand Finance-niň Banklar bilen bagly sanawynda, 2017 we 2018-nji ýyllarda marka gymmadyny iň köp artdyran türk banky hökmünde sanawa girendigini malim edýär. Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda, iň gymmat Türk banky bolan Ziraat bankyny gutlady.

Ýeni Şafak gazedi: “Türk howa ýollarynyň täze reklama wideosy Super Bowlda görkezildi” söz başyly habarynda, THÝ-nyň tanymal iňlis režissýor we prodýuser Ridleý Skott bilen taýarlan “Ýolagçylyk” atly gysga metražly filmiň 30 sekundynyň dünýäniň iň köp tomaşa edilýän sport çäresi bolan Amerikan futbolynyň finaly Super Bolwda görkezilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: “Gaziantepde syýahatçylar üçin çyzylan täze marşruda gyzyklanma artýar” söz başyly habarynda, Şu günki güne çenli muzeýleri bilen birlikde gastronomiýa ugrundaky güýji bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çeken Gaziantebiň, ençeme tonna agyrylygyndaky gaýalyklardan ybarat we Bürünç eýýamyna degişli bolan guburlary syýahatçylar üçin açandygyny mälim edýär. Guburlar abatlaýyş işlerinden soň, sebite baran syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Guburlaryň b.e. öň 3 müň bilen 1200 ýyllar aralygyndan galandygy çak edilýär.



Degişli Habarlar