Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda tankydy maslahat” söz başyly habarynda, soňky gezek 2015-nji ýylda geçirilen ÝB bilen Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň ýaňadandan 15-nji martda geçiriljekdigini habar berýär. Gazet maslahatda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny beýan edýär. Ankara Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň konstruktiw bir ýagdaýda ele alynmagynyň tarapdary.

Haber Türk gazedi: “Stambula 2018-nji ýylda 13 milliondan gowrak syýahatçy geldi” söz başyly habarynda,  Stambula 2018-nji ýylda 13 million 433 müň 101 syýahatçynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet geçen ýyla garanyňda şähere gelen syýahatçylaryň sanynda 24 göterimlik bir artyşyň bolandygyny mälim edýär. 2018-nji ýylda şähere gelen daşary ýurtly myhmanlaryň milletlerine ser salynanda bolsa, Stambula iň köp 1 million 71 müň 634 adam bilen nemesler geldi.

Star gazedi: “Ýer tudana eksporty 2017-nji ýyla garanyňda 95 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýer tudana eksporty 2018-nji ýylda bir ýyl ozalka garanyňda 95 göterim artyp, 12 million 283 müň dollardan 23 million 975 müň dollara ýetendigini habar berýär. Habarda 2017-nji ýylda 13 müň 678 tonna ýer tudana eksport eden Türkiýäniň, 2018-nji ýylda 20 müň 113 tonna ýer tudana eksport edendigi ýazylýar. Ýer tudana eksportynda sanawyň başynda Russiýa, sanawyň 2-nji ýerinde bolsa Rumyniýa gelýär.

Hürriýet gazedi: “Türk seriallarynda görkezilýän mebeller 179 ýurda eksport edilýär” söz başyly habarynda, teleseriallar pudagy hem syýahatçylyga hem-de eksporta goşant goşýandygyny beýan edýär. Tanyşdyryş we reklamalar syýahatçylyga we eksporta gönüden-göni täsir ýetirýär. Gazet Türkiýede her ýyl 100-den gowrak serialyň alynýandygyny, bu seriallaryň dünýäniň 156 ýurdyna eksport edilip, 500 million adam tarapyndan tomaşa edilýändigini aýan edýär. Türk Mebel pudagy hem 179 ýurda 3 milliard 134 million dollarlyk eksport edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Dünýä türk çopan itiniň yzynda” söz başyly habarynda, Aksaraý Malaklysy ady bilen tanalýan çopan itlerine Ýewropadan Hytaýa çenli aralykdaky ýurtlardan talap bildirilýändigi mälim edilýär. Braziliýa, Argentina ýaly ýurtlardan talap bildirilýän Malakly itler, 10 müň bilen 30 müň lira aralygynda satylýar.


Etiketkalar: teleserial , gazet

Degişli Habarlar