Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Çawuşogly: Adana ylalaşygy işimize ýarar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Adana ylalaşygyny düşündirendigini habar berýär. Gazet Çawuşoglynyň: “Ylalaşygyň goşundysynda bildiriş bar. Ahyrynda bolsa Eger ylalaşan ugurlarymyzda ädim edilmese Türkiýe, Siriýanyň içinde gerek bolan hereket etmäge hukugy bar diýilýär. Ähli zat ugrunda bolsa bu biziň işimize ýarar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk gazedi: “Türkiýeden BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň Kipr kararyna berk reaksiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden 30-njy ýanwarda kabul edilen Kiprde BMG-niň Parahatçylyk güýji missiýasynyň iş alyp barmagy bilen baglanşykly beýanatyna jogap berilendigini mälim edýär. Beýanatda: “Karar Kipr meselesiniň çözüwine goşant goşmaz. BMG-niň Parahatçylyk güýji missiýasynyň iş möhlediniň uzaldylmagy babatynda, DKTR-nyň ýolbaşçylaryndan rugsat alynmazlygy uly bir kemçilikdir” diýip bellendi.

Ýeni Şafak gazedi: “Eksportda artyş” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportynyň 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ösüşini dowam etdirendigini beýan edýär. Gazet Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Söwda ministrligi tarapyndan taýýarlanan 2018-nji ýylyň daşary söwda hasabatynyň çap edilendigini habar berýär. Türkiýäniň eksporty 2018-nji ýylda 2017-nji ýyla garanyňda 7 esse artyp, 168 milliard 23 million dollara çenli ýokarlady. Türkiýäniň ÝB-e eden eksporty dekabr aýynda artdy. Iň köp eksport edilän ýurt Germaniýa boldy.

Hürriýet gazedi: “Russiýa 30 million dollarlyk pomidor eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýeden Russiýa edilýän pomidor eksporty, ondan öňki ýylyň degişli döwrüne garanyňda takmynan 14 esse artyp, 30 million 634 müň dollara yetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gündogar Gara deniz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen hasabata görä, Türkiýeden Russiýa 2018-nji ýylda 37 müň 107 tonna pomidor eksport edildi we ondan 30 million 634 müň 892 dollar girdeji alyndy. Russiýa 2017-nji ýylda 197 müň 208 dollar gymmadynda 2 müň 75 tonna pomidor eksport edildi. Şeýlelik bilen Türkiýeden Russiýa 2018-nji yylda edilen pomidor eksporty, 2017-nji yyla garanyňda takmynan 14 esse artdy.

Watan gazedi: “TÜIK aýan etdi! Türkiýe üçin gowy habar” söz başyly habarynda, Türkiýä 2018-nji ýylda gelen syýahatçylaryň sany, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar bilen bilelikde 46 million 112 müň 592 adam bolandygyny mälim edýär. Gazet Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň berýän hasabatyna görä, Syýahatçylyk pudagynda 2018-nji ýylda 29 milliard 512 million 926 dollar girdeji alynandygyny beýan edýär. Türkiýä iň köp dynç almaga gelen syýahatçylaryň hatarynda, 2018-nji ýylda 2017-nji ýyla garanyňda 26,49 göterimlik artyş bilen we 5 million 964 müň 613 syýahatçy bilen Russiýa döwletiniň raýatlary boldy. Bu ýurtdan soň iň köp syýahatçy 25,88 göterimlik artyş we 4 million 512 müň 360 syýahatçy bilen Germaniýa, 28,82 göterimlik artyş we 2 million 386 müň 855 syýahatçysy bilen Bolgariýanyň raýatlary gelýär.


Etiketkalar: eksport , metbugat , dünýä

Degişli Habarlar