Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Biziň Siriýany basyp almak düşünjämiz ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýada ynsanperwer maksatly iş alyp barýan ýeke-täk ýurduň Türkiýedigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň Harby mekdebiň Ankaradaky täze usulyýetlerini tanyşdyryş dabarasynda sözlän sözünde: “Bize 780 müň inedördül metrlik watanymyz ýeterlik” diýip, Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak meselesinde Türkiýäniň başga ýurduň ýerini basyp almak düşünjesiniň bolmandygyna ünsleri çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşoglynyň Wenesuela baradaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Wenesuelada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen baglylykda käbir Latyn Amerika ýurtlarynyň we ABŞ-nyň Wenesuelanyň içerki işlerine goşulyşýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk ýaragly güýçleriniň gaubisalary Tel Rifatdaky 12 pozisiýasyny derbi dagyn etdi” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň demirgazygyndaky Tel Rifat etrabynyň golaýyndaky Şeýh İsa we Harbil obalaryny basyp alan ÝPG/PKK degişli pozisiýalaryň “Ýefrat Galkany” sebitinde ornaşdyrylan türk ýaragly güýçlerine degişli gaubisalar bilen doly derbi dagyn edilendine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Berat Albaýrak Dawosda möhüm duşuşyklar geçirdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilen 49-njy Bütindünýä Ykdysadyýet Forumynyň çäginde Fransiýanyň Maliýe ministri Bruno Le Mair we Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaier bilen duşuşyp, özara ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “50 ýurda 300 görnüşli “Afýon lokumy” söz başyly habarynda, Afýonkarahisar ýerli usullar bilen döwrebap tehnologiýany utgaşdyran firmalardan biriniň 4 materikde 50 ýurda 300 görnüşli “Afýon lokumyny” eksport edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar