Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Süleýmaniýä uçuş gadagançylygy aýrylýar” söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Jahit Turhanyň “Süleýmaniýä goýulan uçuş gadagançylygy 25-nji ýanwarda bes ediler. Stambul-Süleýmaniýe arasynda hepdede 7 gatnaw amala aşyrylar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Süleýmaniýä we Erbile guralýan uçar saparlary 25-nji sentýabrda Yragyň Kürt Awtanomiýasynda geçirilen garaşsyzlyk referendumyndan soň bes edilipdi.

“Watan” gazeti “Ministr Albaýrak: Türkiýe sebitdäki ýeke-täk durnukly ýurt” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde ýeke-täk durnukly ýurtdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Albaýragyň Dawosda geçirilýän 49-njy Bütindünýä Ykdysadyýet Forumynda “Ösýän bazarlaryň pozisiýasy” temaly maslahata gatnaşandygyny, soraglara jogap beren Albaýragyň türk ykdysadyýetiniň ýerleşýän sebitindäki çykgynsyzlyklara, çökgünliklere garamazdan ösüşini dowam etdirýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Katara edýän eksporty 62 göterim ýokarlap, 1,019 milliard dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Katardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fikret Özeriň Türkiýäniň Katara edýän eksportynyň 2018-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 62 göterim ýokarlap, 1,019 milliard dollara ýetendigini, 2019-njy ýylda bolsa 1,5 milliard dollara ýetiriljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk aýakgap pudagynyň wekilleri İtaliýada saparda” söz başyly habarynda, türk aýakgap we sumka pudagynyň wekilleriniň İtaliýanyň Riwa Del Karda şaherinde guralýan Expo Riwa Çuh sergisine gatnaşandygyny, Ege deri we deri önümleri eksportçylarynyň bileleşiginiň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Erkan Zandaryň serginiň esasanda Ýewropaky lomaý söwda wekilleriniň hem-de uly dükanlaryň gyzyklanma bildirýän çärelerinden biridigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Zeugma Mozaika muzeýini 266 müň syýahatçy gezip gördi” söz başyly habarynda, Gaziantepde şäheriň simwolyna öwrülen “Sygan gyzy” mozaikasynyň sergilenýän Zeugma Mozaika muzeýine geçen ýyl 266,560 adamyň baryp görendigini mälim edýär. Habarda esasanda geçen ýylyň ahyrynda “Sygan gyzyň” ABŞ-dan getirilen bölekleri bilen mozaika sany ýokarlan muzeýe üstümizdäki ýylda has köp adamyň gelmegine garaşylýandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar