Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarla gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk baly 48 ýurda eksport edildi” söz başyly habarynda, 2018-nji ýylda Türkiýeden 48 ýurda edilen bal eksportynyň öňki ýyla görä 7 göterim ýokarlap, 25,503,455 dollara ýetendigini ýazýar. Gazet türk balynyň esasan Germaniýa, ABŞ-na, Saud Arabystanyna, İspaniýa we Awstriýa eksport edilendigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Topkapy köşki 2018-nji ýylda gezilip görülen esasy muzeý boldy” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine tabynlykdaky muzeýlere we taryhy ýerlere baryp görenleriň sanynyň 2018-nji ýylda 28 milliondan geçendigini mälim edýär. Gazet esasy gezilip görülen ýerleriň başynda 2,9 million adam bilen Topkapy muzeýiniň durýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe Antarktikada meteorologik barlag geçirer” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirliniň 3-nji Halkara Antarktika ylym saparynyň çäginde Antarktikada meteorologik barlaglaryň geçiriljekdigini nygtap: “Meteorologiýa boýunça dünýä bilen bäsleşjek sepgide ýetmek üçin tagalla edýäris” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk daşy “Turkish Stone” markasy bilen dünýä bazaryna çykýar” söz başyly habarynda, türk magdanlaryndan çykarylýan tebigy daşlar üçin tanyşdyrlyş kampaniýasynyň başladyljakdygyny, Stambulyň Magdan eksportçylarynyň bileleşiginiň başlygy Aýdyn Dinçeriň mermeriň dünýäde italian daşy hökmünde tanalýandygyny, emma Türkiýäniň ätiýaç taýdan has baýdygyny nygtap; “Mermeri we gymmatly daşlarymyzy “Turkish Stone” markasy bilen bütin dünýä tanyşdyrarys” diýendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk howaýollary Stambul howa menziliniň desgalary açyldy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň Stambul howa menzilinde 42,399 inedördül metr meýdanda jemi 50,379 inedördül metr ýapyk meýdany bolan 5 sany operatiw desgasynyň ulanmaga berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar