Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezidentiň ofisinden MkGurka berk garşylyk” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Türkiýäni günäkärlän ABŞ-nyň DAİ-e garşy göreş hyzmatşlygyndaky ozalky wekili Brett MkGurkyň beýanatyna düýn Twitter arkaly garşylyk görkezip; “Analiziň boş. Türkiýä garşy günäkärlemeleriň ýerliksiz. PKK-ny propogandirleýäň. Türkiýe ýüzlerçe müň siriýaly arabyň, kürdüň asuryň we beýlekileriň janyny halas etdi. PKK-ny janlandyrmak isleýän bolsaň, ol bolmaz” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Altun: Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen terror koridory taslamasyny puja çykardyk” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Altunyň düýn Twitter arkaly “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň birinji ýyllygy mynasybetli habarnama berendigini ýazýar. Gazet “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda şehit bolanlary rehnet bilen hatyralaýandygyny beýan eden Altunyň: “ “Ýefrat Galkanyndan” soň “Zeýtun Şahajygy” bilen serhedimizde terror koridorynyň açylmagy baradaky taslamany puja çykardyk. Global parahatylyga goşant goşujy başlangyçlar bilenb howplara garamazdan oýunlaryny bozjakdygymyzy görkezdik. Bizi ýenişe ýetiren şehitlerimizi rehnet bilen, gahrymanlarymyzy minnet bilen hatyraýalarys” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Russiýanyň Türkiýeden aljak pomidorynyň çägi 100 müň tonna ýetirildi” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri Belir Pakdemirliniň Germaniýanyň paýtagty Berlinde 11-nji Bütindünýä Azyk we oba hojalygy forumynyň çäginde geçirilen Oba hojalygy ministrleriniň maslahatyna gatnaşandan soň Türkiýäniň Berlindäki ilçihanasynda metbugatyň wekillerine beýannama berendigini ýazýar. Gazet Pakdemirliniň: “Rus kardeşimiz bilen duşuşdyk. Esasy mümkinçiliklerimizden biri 50 müň tonnalyk pomidor kwotamyzy 100 müňe göterdik” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Ýewraziýa bazarynda türk potratçylarynyň güýji” söz başyly habarynda, geçen ýyl daşary ýurtlarda 19,4 milliard dollarlyk taslamany öz üstüne alan türk potratçylarynyň şolaryň 46 göterimini Ýewraziýa sebitinde amala aşyrandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýä 400 ýyl ýetjek gaýa duzy ätiýajy bar” söz başyly habarynda, Çankyry welaýatynda Hititlerden bäri gaýa duzy çykarylýan gowagynda Türkiýäni 400 ýyl üpjün etjek gaýa duzy ätiýajynyň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar