Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “ABŞ bilen täze döwür üçin “Erkin söwda ylalaşygy” nazarda tutulýar” söz başyly habarynda, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň Türkiýe-ABŞ İşewürler Toparynyň başlygy Mehmet Ali Ýalçyndagyň Prezident R.T.Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň birnäçe gün ozal geçiren telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň depgininiň güýçlendirilmegi boýunça ylalaşmaklaryna kanagatlanma bildirip: “20 milliard dollara barabar bolan söwda mukdary iňňän pes, oýunyň düzgüni üýtgedilmeli. Onuň hem ýoly “Erkin söwda ylalaşygyndan geçýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Howpsyz zolak pikiri siriýalylary umytlandyrdy” söz başyly habarynda, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyzlyk zolak pikiriniň ýurtlaryndan göçmäge mejbur bolan millionlarça siriýalyny umytlandyrandygyny ýazýar. Gazet watanlaryna dolanmak isleýän siriýalylaryň bu ugurda gyssagly işe girişilmegini isleýändigini we 4 million siriýalynyň ýurduna dolanyp biljekdigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe milli ekerançylyk girdejisinde Ýewropa boýunça birinji orny eýeleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Biržalar we Birleşmeler Bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglunyň Türkiýäniň ekerançylykda we maldarçylykda uly potensiala eýedigini nygtap; “Milli ekerançylyk girdejisinde Ýewropada birinji, dünýäde bolsa sekinzinji orny eýeleýäris” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Sakarýada, Kojaelide we Bursada öndürilen ulaglaryň 85 göterimi eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag eksportynda başda durýan Sakarýa, Kojaeli we Bursa welaýatlarynda geçen ýyl sagatda 177 ulagyň öndürilendigin, şonuň 150 sanysynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini mälim edýär. Gazet türk awtoulag pudagynyň geçen ýyl jemi 1,6 milliona golaý ulag öndürendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Katar Dünýä kubogy üçin Türkiýä wekiliýet ugradar” söz başyly habarynda, Kataryň Premýer ministri we İçeri işler ministri Şeýh Abdullah Bin Nasyr Bin Halife Al Saniniň İçeri işler ministri Süleýman Soýlyny kabul edendigini, duşuşykda 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä kubogyndaky howpsyzlyk çäreler barada pikir alyşylandygyny, mesele boýunça üstümizdäki aýyň 31-de Katardan Türkiýä wekiliýetiň geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar