Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Putin ÝB-ne agza ýurtlara Türk Akymy ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Serbiýanyň metbugat organlaryna beren beýanatynda Türk Akymy tebigy gaz turba geçirijisi boýunça möhüm ýüzlenme berendigini ýazýar. Gazet Putiniň taslama degişli bolmak isleýän ÝB-ne agza ýurtlara: “Brýusselden rugsat alsynlar” diýip ýüzlenendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Milliard dollarlyk türk firmalary Amerika ýolagçy” söz başyly habarynda, bazar gymmaty 30 milliard dollara barabar bolan Türkiýäniň belli firmalarynyň wekilleriniň ýanwar aýynyň 17-18-i aralygynda Nýu-Ýorkda amerikaly maýadarlar bilen duşuşjakdygyny mälim edýär. 5 sanysy bank 13 türk firmasynyň jemi gymmaty 3 trillion dollardan geçýän Amerikadaky 30 gazna bilen “Nýu-Ýork Türk Güni” atly işjeň maslahatda duşuşjakdygyny ýazýar. Hünärmenler maýadarlaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasynyň türk ykdysadyýetine bolan ynamy hasam güýçlendirjekdigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Wenesueladan Türkiýä tonnalarça altyn üçin ilkinji resmi sapar” söz başyly habarynda, altyn magdanlary taýdan baý bolan Wenesuelanyň şol altynlary gaýtadan işlemek üçin Çorum welaýatyny saýlap alandygy we döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduronyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şähere baryp görjekdigini habar berilmeginden soň düýn ilkinji saparyň amala aşandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “2019-njy ýylyň ýaşaýyş amatlylygy ýokary bolan şäherleri belli boldy. Türkiýeden 4 şäher sanawa girdi” söz başyly habarynda, şäherler boýunça dünýäniň iň giň maglumat bazasy Numbeonyň 2019-njy ýyla degişli “Ýaşaýyş amatlygy” görkezijilerini çap edendigini ýazýar. Gazet sanawyň ýokary derejeli 226 şäheriň girizilendigini, şolaryň hatarynda Türkiýeden Stambul, Ankara, Bursa we İzmir şäherleriniň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäde görülmeli ýerler” söz başyly habarynda, BMG-niň Ylym, Bilim we Medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň dünýä mirasynyň üýtgewsiz sanawynda orun eýeleýän we dünýä derejesinde bilinýän iň gadymy ýadygärlik ybadathana bolan Şanlyurfadaky Göbeklidepäniň Prezident R.T.Erdogan tarapyndan 2019-njy ýyly “Göbeklidepe ýyly” diýip yglan etmeginden soň “Neýşnel Jografik” žurnalynyň “Dünýäde görülmeli ýerler” kitabyna girizilendigini mälim edýär. Kitapda Göbeklidepeden başga Türkiýeden Aýasofiýa, Mardin, Sumela Manastyry, Müsür Bazary we Kappadokiýa Argos myhmanhanasy hem bar.



Degişli Habarlar