Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň “howpsyzlyk zolak” baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýada howpsyzlyk zolak döredilen halatynda ol ýerde ekstremist terror guramasy PKK-nyň şol ýurtdaky bölegi ÝPG/PKK-nyň bolmajakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Erdoganyň Türkiýäniň Siriýada howpsyzlyk zolak döretmek baradaky pikirini ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama hem hödürländigini nygtap: “ABŞ Siriýada howa giňişliginiň gözegçiligini ýola goýsa, biz hem gury ýerde ähli howpsyzlygy üpjün ederis” diýipdik. Obama bu mesele boýunça işe girişmedi. Trampyň bu meselä bolan garaýyşy 30 kilometrlik zolak. Menem muňa oňyn garaýaryn. Ol ýene-de 20 mil giňeldilip bilner” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Albaýrak habar berdi! Maksatlardan ýene-de birine ýetildi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Twitter hasabyndan 2018-nji ýylyň dekabr aýynda we ýanwar-dekabr aýlarynyň aralygynda býujetiň deňagramlygy barada maglumat berendigine ünsleri çekýär. Habarda ministr Albaýragyň Täze ykdysady maksatnamada 2018-nji ýylyň ahyrynda býujet ýetmezçiliginiň 72,1 milliard lira barabar bolmagyny göz öňünde tutandyklaryny ýatladyp: “Býujet ýetmezçiligi göz öňünde tutulşy ýaly 72,6 milliard lira boldy. Şeýlelikde maksada ýetdik” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Sabiha Gökçeniň ýolagçy sany 35 milliona ýetdi” söz başyly habarynda, ýolagçy sany taýdan Türkiýede 2-nji, Ýewropada 13-nji orny orny eýeleýän Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky Halkara howa menziliniň 2018-nji ýylda ýolagçy sanyny 9 göterim artdyryp, jemi 34,50 milliona ýetirendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk howaýyllary uçuş toruny giňeltmäge dowam edýär” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň Amerika materiginiň esasy şäherlerinden biri bolan Mehiko Sitini we Kankuny uçuş toruna degişli etjekdigini nygtaýar.

“Watan” gazeti “Armyt we beýi 2018-nji ýyly eksport rakordy bilen tamamlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dürli şäherlerinde ösdürilip ýetişdirilýän armydyň geçen 53 ýurda eksport edilendigini, eksportyň 33,7 göterim ýokarlap 36,2 müň tonnadan 48,5 tonna barabar bolandygyny, beýi eksportynyň bolsa 5 göterim ýokarlap 19,9 müň tonna barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar