Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1125913
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan; “Kürtler bilen meselämiz ýok, ÝPG/PKK-ny urarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Siriýada howpsyzlyk zolak döretmek baradaky teklibiň seljerilendigini, Erdoganyň Trampa Türkiýäniň kürtler bilen hiç hili meselesiniň bolmandygyny, emma terror guramalaryna garşy göreşde egilşik edilmejekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezidenti Metbugat Sekretary Kalyn Trampa jogap berdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat Sekretary Ibrahim Kalynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýe baradaky ýerliksiz beýanatyna jogap berendigini ýazýar. Gazet Kalynyň; “Türkiýe kürtler bilen däl, eýsem terrorçylara garşy söweşýär. Kürtleri we siriýalylary ähli terror guramalaryndan gorarys. Siriýaly kürtleri PKK bilen deň derejede görmek uly ýalňyşlyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly Trampa reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Twitter arkaly beren “Türkiýe kürtlere hüjüm eden halatynda olary ykdysady taýdan derbi-dagyn ederis” diýilýän beýannamasyna Türkiýeden berk garşylygyň görkezilendigine ünsleri çekýär. Habarda Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşoglynyň “Strategik hyzmatdaşlar sosial media arkaly gepleşmezler” diýmek bilen, ilki Trampyň media arkaly şeýle habarnamalar bermegine reaksiýa bildirip; “Biz kürtlere duşman däl, olara esasan biz eýe çykdyk” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Şetdaly eksporty rekord goýdy” söz başyly habarynda, geçen ýyl Türkiýäniň şetdaly eksportynyň 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 43,7 göterimlik ösüş bilen 128,6 müň tonna barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 65 ýurda eksport edilen şetdalynyň ýarysynyň Russiýa gidendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Bütindünýä çümüjisi Şahika Erjümen Antarktikada çümer” söz başyly habarynda, çümüjilik boýunça bütidünýä çempiony Şahika Erjümeniň 3-nji Milli Antarktik Ylmy Saparyň çäginde Antarktika gidip, şol ýerde çümjekdigini mälim edýär. Habarda dünýäniň iň bir saýlama ýerlerinden birinde Türkiýä wekilçilik etjekdigi üçin diýseň tolgunýan we buýnsançly bolandygyny aýdan türgeniň, Antarktikada Türk ylmy merkeziniň açylmagy üçin guraljak saparyň ähmiýetini nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar