Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Howa operasiýasynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, öňňin Yragyň demirgazygyndaky Zap bilen Sinat-Haftanin etraplaryna guralan howa operasiýasynda azyndan 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar. Gazet Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Zap, Sinat-Haftanin etraplaryna 2019-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda guralan howa operasiýasynyň netijesinde terror guramasyna degişli ýarag pozisiýalary, gaçybatalgalar we gowaklar hatardan çykaryldy” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Serhetýakasynda uly türgenleşik” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýa serhedindäki harby bölümlere goşmaça güýç maksady bilen ugradylan harby toparlaryň Hataý serhedinde tälim türgenleşigini geçirendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk howa giňişliginden 15 sekuntda bir uçar geçdi” söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Jahit Turanyň geçen 2018-nji ýylda Türkiýäniň howa giňişliginden ortaça her 15 sekuntda bir uçaryň geçendigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet ministr Turhanyň soňky ýyllarda uçar bilen syýahat edýän ýolagçy sanynda uly artyşyň bardygyny belläp; “Soňky 10 ýylda howa ýoly bilen gatnadylan ýolagçy sany ortaça 10,5 göterim ýokarlap, 62 milliondan 210 milliona ýetdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Milli ýarag pudagynda buýsanç güni” söz başyly habarynda, “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalarynda netjeliligi bilen kanagatlanma döreden ýerli we milli Uçarmansyz howa ulagynyň dünýäniň ünsüni özünde jemländigini, Katardan soň Ukrainanyň hem 6 sany ýaragly “Baýraktar TB2” kysymly uçarmansyz howa ulagyny almak üçin Türkiýe bilen şertnama baglaşandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýaponlar we günorta koreýalylar türk azyk önümlerine isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Ege Eksportçylar bileleşigi tarapyndan türk azyk harytlarynyň Ýaponiýada we Günorta Koreýada tanyşdyrylmagy üçin iş ýüzüne geçirilen “Turquality” taslamasy bilen adybir ýurtlara edilýän eksportyň 36 göterim ýokarlap, 115 million dollardan 156 million dollara ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar