Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýe daşary ýurtly maýadarlar üçin çekiş bolmagynda galýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň satyn alyş paritetine görä şu günki günde dünýäde ykdysady taýdan 13-nji orny eýeleýändiklerini nygtap, ýylyň ahyrynda bir basgança ýokary çykjakdyklaryny aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Geçen ýyl eksporty 161,1 milliard dollara ýetirdik. Türkiýe halkara maýa goýumlary taýdan çekiş güýjüni gorap saklaýar. Geçen 16 ýylda ýrudumyza gelen halkara maýa goýumlarynyň mukdary 201 milliard dollardan geçdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe we Russiýa Siriýa meselesinde depginli diplomatiýa alyp barýar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Gazet Milli goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýannamada: “Telefon söhbetdeşliginde İdlibdäki soňky wakalar, sebitleýin howpsyzlyk we Soçide gazanylan ylalaşyk barada pikir alyşyldy” diýilýändigini mälim edýär.

“Star” gazeti “ABŞ Siriýada kimler bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini seljermeli bolar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jon Boltonyň Ysraýylda eden çykyşynda Siriýadaky Amerikan goşunlarynyň çekilmegi üçin ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä kepillendirme berilmegini soramagyndan soň Türkiýä guran saparynyň gysga dowam etmegine seslenmeriň dowam edýändigine ünsleri çekýär. Gazet Terror we howpsyzlyk hünärmeni Abdullah Agaryň Türkiýe bilen ABŞ-nyň Siriýa meselesinde ylalaşmagynyň ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen kürtleri tapawutlandyrmagyna baglydygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Daşary ýurtlardaky türk millionerleriň sany 5,779 artdy” söz başyly habarynda, hasaplaşyk hasabynda 1 million we ondan ýokary türk lirasy bolan müşderileriň sanynyň geçen ýylyň 11 aýynda 37,340 ýokarlap, 176,320-ä ýetedigini, millionerleriň banklardaki jemi hasaplaşygynyň geçen ýylyň noýabrynda 1 trillion 80 milliard 73 million lira deň bolandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “2030-njy ýylyň ykdysady güýçleri belli boldy. Sanawda Türkiýe hem bar” söz başyly habarynda, 2030-njy ýylda dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň ýedisiniň şu günki ýurtlardan ybarat boljakdygyny, sanawda 5-nji orny Türkiýäniň, Germaniýa, Ýaponiýa we Russiýa ýaly ýurtdan öňe geçmeginiň çaklanylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar