Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Aýdynda dünýä degişli bolmadyk element tapyldy” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Didim etrabynda Rumi Çatykkaş atly raýatyň geçen sentýabr aýynda tapan 5 sany meteoryndan biriniň üstünde haýwan we adam şekilleriniň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Çatykkaşyň daşlary Kahramanmaraş Süýçü İmam uniwersitetinde barladandygyny, daşlaryň içindäki 26 elementden 6 sanysynyň dünýäde bolmadyk elementrlerdiginin anyklanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Eksport çaklamasy birinji çärýekde 5,4 bal ýokarlady” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministrliginiň Türkiýäniň belli eksportçy firmalaryň çaklamalaryny kesgitlemek üçin geçiren “Daşary söwda çaklama sowalnamasynyň” netijelerini çap edendigini ýazýar. Habarda sowalnamanyň netijesine görä 2018-nji ýylyň dördünji çärýeginde 111,6 bala barabar bolan eksport çaklama indeksinin 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde 5,4 bal ýokarlap, 117 bala ýetendigi, ýyllyk mukdarda bolsa 4,5 bal ýokarlandygy nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Polat eksporty ýokarlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň çig çelik önümçiliginiň 2018-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda öňki ýylyň degişli döwrüne görä 0,5 baş ýokarlap, 34,4 million tonna ýetendigine üns çekilýär. Bellenen möhletde polat önümleriniň eksportynyň mudar taýdan 19,2 bal ýokarlap, 19,9 million tonna, gymmat taýdan bolsa 33 göterim ýokarlap 16 milliard dollara ýetendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Türk deňiz syýahatçylygy Germaniýada tanyşdyrylar” söz başylygy habarynda, Türkiýäniň deňiz syýahatçylygynda eýe bola şertleriniň we mümkimçilikleriniň Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde üstümizdäki aýyň 19-27-si aralygynda 90 ýurtdan 2 müňe golaý gatnaşyny we 250 müň müşderini kabul etjek deňizjilik sergisinde tanyşdyryljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Sergide suw sportlary, ýahta we çümüş syýahatçylygy, kruiz syýahatçylygy ýaly uğurlara aýratyn üns beriljekdigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýänin tebigy akwariumy: Gökpynar köli” söz başyly habarynda, Siwas welaýatynyň Gürün etrabynda ýerleşýän we mawy reňki bilen tebigy akwarium atlandyrylýan Gökpynar kölüniň garyň ýagmagy bilen ajaýyp gözellige eýe bolandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Gazet şäher merkezine 147 kilometr alysda ýerleşýän Gökpynar kölüne ýylyň dowamynda gelýänleriň sanynyň günsaýyn artýandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar