Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Prezident Erdogan, Yragyň Prezidenti Salih bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn resmi sapar bilen Türkiýä gelen Yragyň Prezidenti Berhem Salihi resmi dabara bilen garşylandygyny habar berýär. Gazet ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdoganyň: “Türkiýe Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi we gurluşyk işlerinde islendik kömegi bermäge taýar. Çaknyşyklarda zeper ýeten ýerler başda bolmak bilen, infrastruktura taslamalaryna hem taýardyrys. Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarymyzda geçen ýyl 16 milliard dollar bilen rekord goýdyk, indi bolsa ony 20 milliard dollara ýetireliň” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýäris.

Watan gazedi: “Türkiýe we ABŞ Ortaýer deňiziniň gündogarynda umumy deňiz tälimini geçirdi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, Harby-deňiz güýçlerine degişli TCG Gaziantep, TCG Gemlik fregatlary, 1 deňiz dikuçary we 2 sany F-16 uçary bilen ABŞ-niň Harby-deňiz güýçlerine degişli USS PORTER gämisiniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Ortaýer deňiziniň gündogarynda halkara suw giňişliginde tälim geçirendigini mälim edýär.

Hürriýet gazedi: “Ministr Albaýrakdan örän möhüm beýanatlar” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, inflýasiýa bilen bagly beren beýanatynda, “Ýylyň ahyryna çenli ähli maksatlarymyzy ýerine ýetirdik” diýendigini beýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Inflýasiýa aýan edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň inflýasiýasyny aýan edendigini habar berýär. Habarda şoňa laýyklykda inflýasiýa dekabr aýynda 0,40 göterim peselendigi ýazylýar. Ýyllyk inflýasiýa bolsa 20,30 göterime barabar boldy.

Sabah gazedi: “Azyk önümlerinde kanserogen maddalary anyklaýan ýerli enjam oýlanyp tapyldy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerinde kanserogen maddalaryny anyklaýan enjamyň TÜBITAK guramasy tarapyndan "AFLAMAM" ady bilen ýerlileşdirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 

 



Degişli Habarlar