Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Çawuşoglu Gresiýa berk duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Gresiýa bilen Ortaýer deňzindäki burawlaýyş işleri meselesinde dowam edýän dartgynlyk barada “Milli goranmak ministrlerine şeýle diýýärler; “Biziň lälik çagamyz bar.” “Lälik çagaňyza eýe çykyň. Ýogsam biziň howpsyzlyk güýçlerimiz ýalňyşlyk bilen bir zat edäýmesin” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Telefonlar dymmaýar! Şol ýurtdan onlarça müň adam türk raýatlygyna geçmek isleýär” söz başyly habarynda, Türkiýä raýatlyk kanunyndaky “degişli maýa goýum mukdarlarynyň” aşakladylmagyndan bäri 100 million dollarlyk maýa goýumyň we 250-den gowrak raýatlyk ýüz tutmasynyň edilendigini, 2019-njy ýylda ýüz tutmalaryň sanynyň hasam artmagyna garaşylýandygyny, esasanda iňlizlerin raýatlyk üçin telefon edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk howaýollary iki günde 300 müň adamy uçurdy” söz başyly habarynda, täze ýyly Türkiýede garşy alan ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň Türk howaýollarynyň iki günde dünýä boýunça 300 müň ýolagçyny gatnatmagyny üpjün edendigine ünsleri çekýär. Gazet Türk howaýollarynyň baş müdiri Bilal Ekşiniň saparlaryň bellenen tertipde amala aşyrylma derejesiniň 93 göterime barabar bolandygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýedäki gök baýdakly plýažlaryň sany artýar” söz başyly habarynda, Türkiýedäki gök baýdakly plýažlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, 2018-njy ýylda şol sanyň 459-a ýetendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk telekeçileri NASA bilen ylalaşdy: älem giňişligine ýük gatnadarlar” söz başyly habarynda, Halkara älem giňişligi bekedine ýük gatnatmak üçin iki türk tarapyndan dolandyrylýan “Sierra Newada Korporasiýa” firmasynyň öndüren “Dream Keýzer” emeli hemrasynyň NASA bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda taýarlyklaryny tamamlaýandygyny, emeli hemranyň oktýabr aýynda gurnama işleriniň we synaglarynyň geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar