Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Eksportçylar rekordy gaýtalamak isleýarler” söz başyly habarynda, geçen ýyl ykdysady ösüşe uly goşant goşan eksport görkezijileriniň 4-nji ýanwarda çap ediljekdigini ýazýar. Gazet eksportda 2014-nji ýylda goýulan Respublika taryhynyň rekordunyň geçilmegine garaşylýandygyny, Türkiýäniň 2018-nji ýylyň 11 aýynda 154,2 milliard dollar eksport edendigini okyjy köpçliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda soňky 12 aýlyk döwürde bolsa eksportyň 7,8 göterim ýokarlap, 168,1 milliard dollara barabar bolandygy mälim edilýär. Eksportçylar bolsa şol reskordy 2019-njy ýylda-da gaýtalamak isleýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk syýahatçylygy gastronomiýa bilen öser” söz başyly habarynda, “Turizm restoran maýadarlary we kärhanalary jemgyýetiniň” başlygy Kaýa Demireriň Türkiýäniň şu ýyl üçin bölünip berilen 30 million dollarlyk tanyşdyrlyk býujetini 5 esse artdyrmagy nazarda tutýan Syýahatçylygy kämilleşdiriş gaznasyna iýim-içim pudagynyň goldaw berýändigini aýdandygyny ýazýar. Habarda daşary ýurtlarda ýokary amatlykly we üpjünçilikli türk restoranlarynyň açylmagynyň möhümdigini nygtan Demireriň, türk syýahatçylygynyň gastronomiýa bilen ösüş edip biljekdigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýada ähli döwürleriň syýahatçylyk rekordy” söz başyly habarynda, Antalýa 2018-nji ýylda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň ähli döwürleriň rekorduny goýup, 13,6 milliona ýetendigine ünsleri çekýär. Gazet 2018-nji ýylda daşary ýurtly syýahatçy sanynda ozalky ýyla görä 31 göterim artyşyň bolandygyny, şähere 2018-nji ýylda 4,8 million rus syýahatçynyň gelendigini mälim edýär. Welaýata gelen syýahatçy sanawynda nemesleriň ikinji orny eýeleýändigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Bursadaky Fetih muzeýi adyny dünýä tanatdy” söz başyly habarynda, Bursa welaýatynyň Osmangazi etrabynyň esasy taslamalaryndan biri bolan “Panorama 1326 Bursa Fetih Muzeýiniň” Türkiýäniň buýsanjyna öwrülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet birnäçe wagt ozal açylandygyna garamazdan Bursada gezilip görülmeli ýerleriň sanawynda birinji orny eýelän muzeýi 45 ýurtdan we Türkiýeden 110 müň adamyň gezip görendigine ünsleri çekýär. Habarda Bursanyň zabt edilişini 3D formatynda beýan edýän “Panorama 1326 Bursa Fetih Muzeýiniň” dünýäniň iň uly doly panoramiki muzeý derejesine eýedigi mälim edilýär.

“Haber Türk” gazeti “UEFA 2 türk futbolçysyny sanawa goşdy” söz başyly habarynda, UEFA-nyň habarçylary tarapyndan düzülen 2019-njy ýylda ýakyndan gyzyklanylmaly 50 ýaş ukyp sanawynyň çap edilendigini ýazýar. Gazet UEFA-nyň resmi saýtynda çap edilen sanawda iki sany türk futbolçysynyň bardygyny, şolardan biriniň Galatasaraýda görkezen başarjaňlygy bilen özüni tanadan 18 ýaşly Ozak Kabak, beýlekisiniň bolsa Antalýaspor komandasyndaky başajaňlygyndan soň Milli ýygyndy komanda çagyrylan 20 ýaşly Merih Demiral bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar