Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogan bilen Merkel telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçendigini beyan edýär. Gazet Prezident Diwany tarapyndan berilen maglumata görä, telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Sirýadaky ýagdaý, Ýewropa edilýän bikanun migrasiýa we terrora garşy göreş meseleler maslahatlaşylandygyny habar berýär. Habarda iki lideriň hem Stambul maslahatynyň netijesiniň, hem-de ABŞ-niň Siriýada çekilmek baradaky kararyndan soň etabyň gözegçiligi üçin ýakyn gatnaşykda bolmaklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdyklary ýazylýar.

Sabah gazedi: “Adalat ministri Gülden möhüm beýanatlar” söz başyly habarynda,  Türkiýäniň Adalat ministri Abdülhamit Güliň, FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi babatynda, ABŞ-den bir wekiliýetiň Türkiýä geljekdigini habar berendigi aýan edilýär. Gazet Abdülhamit Güliň: “FETÖ bilen baglanşykly orta çykaran täze subutnamalarymyzy ABŞ bilen paýlaşýarys. ABŞ-de häzirki wagtda hem Prokuraturada hem-de administratiw derňew geçirilýär. Bu mesele bilen bagly olar hem derňew geçirýär. Öňümizdäki aýdan başlap, amerikaly resmiler gelmäge başlar. Kanuny raýdaşlygyň çäginde saparlar guralar. Hukuk döwletine ýaraşjak ýagdaýda terror guramanyň bu ýolbaşçysyny yzyna gaýtaryp berjekdigine ynanýarys” diýendigini belleýär. Habarda Abdülhamit Güliň, Fetullah Güleniň ABŞ tarapyndan başga bir ýurda iberilmek islenen halatynda Türkiýäniň pozisiýasynyň nähili boljakdygy bilen bagly soraga, bu ýurdyň 251 raýatyny şehit eden, mejlisini bombalaýan, Prezidentiniň janyna kast etmäge synanyşan, Konstitutsiýany ortadan aýyrmaga synanyşan bu terror guramanyň ýolbaşçysyna garşy nirä gitse gitsin, Türkiýäniň göreşiniň dowam etjekdigini aýdandygy nygtalýar.

Watan gazedi: “Ykjam telefon torunyň abonentleriniň sany 81 milliona golaýlady” söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhanyň, Türkiýede geçen ýylyň ahyrynda 77,8 million bolan ykjam telefon torunyň abonentleriniň sanynyň, şu ýylyň 3-nji çärýeginiň ahyrynda 80,6 milliona ýetendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Transport we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan, Ylym tehnologiýalary we aragatnaşyk guramasy tarapyndan şu ýylyň 3-nji çärýegi bilen bagly taýarlan hasabatyny aýan etdi. Ýylyň 3-nji çärýeginde pudagyň ösüşini dowam etdirendigini aýdan Turhan, bu ýagdaýyň bolsa pudagyň görkezijilerine oňyn täsir ýetirendigini beýan etdi.

Hürriýet gazedi: “Jybyltepe eýranly syýahatçylaryň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gyş dynç alyş zolaklarynyň möhüm ýerleriniň biri hökmünde hasaplanylýan Jybyltepe lyža merkeziniň, eýranly syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülendigini mälim edýär. Kars welaýatynyň Sarykamyş etrabynda tokaýlary, kristal gary we uzyn lyža typyş zolaklary bilen gyş syýahatçylygynyň iň gowy ýerleriniň biri bolan 2 müň 634 metrlik Jybyltepe zolagy, ýurdyň çar tarapyndan gelýän turistler bilen birlikde, soňky ýyllarda has hem köp eýranly syýahatçylary myhman kabul etmäge başlady.

Haber Türk gazedi: “2 müň 700 ýyllyk Frigiýa oýunjaklary” söz başyly habarynda, Frigiýa döwleti zamanasynda degişli toprakdan ýasalyp, otda bişirilen 2 müň 700 ýyllyk üç oýunjagyň Kütahýa Arheologiýa muzeýinde sergilenýändigini habar berýär. Kütahýa muzeýiniň müdüri Metin Türktüzün, beren beýanatynda, Friga döwletine degişli oýunjaklaryň Simaw etrabynda 1976-njy ýylda ýaşaýjylar tarapyndan tapylyp muzeýe berilendigini aýan etdi. Kütahýa muzeýiniň müdüri, Frigiýa döwletinden gelen gaýalyk ýaşaýyş ýerleriniň, ýadygärlikleriniň, mazar otaglarynyň, ybadathanalaryň we tüsseçykarlarynyň häzirki wagta çenli saklanyp galandygyny mälim etdi.


Etiketkalar: oýunjak , habar , gazet

Degişli Habarlar