Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Türkiýäniň kiber galkany Osminog ýaýbaňlandyrylar” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň sözleri bilen gün tertibe gelen milli kiber howpsyzlyk programmasy Osminogyň ulanylmagynyň ýaýbaňlandyryljakdygyny mälim edýär. 2016-njy ýyldan bäri Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň çäginde hyzmat berýän ulgam, döwlet guramalary we edaralary bilen birlikde häkimliklerde synagdan geçirilýär. Osminog 10-29-njy iýun aralygynda geçirilen NATO CWIX türgenleşigine hem gatnaşyp, kiber howpsyzlyk türgenleşik ssenariýleriň ählisinden üstünlikli ýagdaýda geçmegi başardy.

Sabah gazedi: “ABŞ-niň Siriýadan çekilmeginiň sebäbi Türkiýe” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, ABŞ tarapyndan yglan edilen Siriýadan esgerleri çekmek bilen bagly kararynyň üstünde durup geçendigini habar berýär. Gazet ministr Çawuşoglynyň: “ABŞ-niň Siriýadan çekilmek baradaky kararynda iň uly faktor Türkiýedir. Kabul eden kararlarymyzyň saýasynda ABŞ yza çekildi” diýendigini belleýär. ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, geçen hepde Siriýadaky 2 müň amerikan esgeriniň öýlerine gaýdyp geljekdigini habar beripdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýe ABŞ-e S-400-leri gözegçilik etmegine rugsat bermez” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamlaryny ABŞ-niň kontrol etmegine berjekdigi bilen bagly öňe sürmelere Daşary işler ministrliginden jogabyň berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Daşary işler ministrligi: “Ministrimiz Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň ABŞ-e S-400 howa goranyş ulgamlaryny gözden geçirmegine rugsat bermegi bilen bagly hiç hili gepleşikleriň geçirilmändigi barada rus diplomatik wekilhanasyny ynandyrdy” diýip beýan etdi.

Watan gazedi: “Indoneziýa Türkiýä minnetdar” söz başyly habarynda, Indoneziýanyň sunamiden soň ynsanperwer kömek beren Türkiýä minnetdarlyk bildirendigini mälim edýär. Günbatar Ýawa ştatynyň gubernatory Rydwan Kamil beren beýanatynda, Sunda bogazynda başdan geçirilen sunami hadysasyndan soň, ejir çeken adamlara ynsanperwer kömek beren Türkiýä minnetdarlyk bildirendigini aýan edýär.

Star gazedi: “Türkiýe 10 ýylda älem giňişliginde örän uly bir güýç bolup biler” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Howa we älem institutynyň Ylmy-derňew merkeziniň başlygy Tal Inbaryň, Türkiýäniň älem boýunça işlerde sebitleýin lider bolmaga taýýarlanýandygyny aýdandygyny habar berýär. Türkiýäniň älem işleri boýunça uly taslamalary durmuşa geçirip biljekdigini aýdan Inbar, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan Türkiýäniň Milli älem agentliginiň resmi ýagdaýda açylandygyny, Ankaranyň şonsyzam emeli hemra gurmak ukybyna eýedigini we öňümizdäki 10 ýylda möhüm bir güýç bolup biljekdigini beýan etdi.


Etiketkalar: Watan , Ysraýyl , emeli hemra , älem , Erdogan

Degişli Habarlar