Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Minister Gülden ysraýylly ministr Şakede jogap: Terrora gözýaş dökmegine geň galmaýarys” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Adalat ministri Aýalet Şakediň, Palestinaly şehitleriň eneleriniň hem öldürilmelidigi baradaky skandal beýanatyndan soň, Prezident Rejep Taýýip Erdogana dil ýetirmegine jogabyň giýjä galynman berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Adalat ministri Abdülhamit Güliň sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: “Ysraýylyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a goldaw bermek maksady bilen sözli ýagdaýda hüjüm etmegine geň galmaýarys” diýendigini habar berýär.

Watan gazedi: “Söwda ministri Pekjan söwdada 2019-njy ýylyň meýilnamasyny aýan etdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, şu ýyl eksport rekordlaryny aýan edendiklerini belläp, 2019-njy ýylda eksportdaky ösüşiň dowam etmegine, eksportyň importa bolan gatnaşyk derejesindäki artyşyň dowam etmegine garaşýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär.

Star gazedi: “Stambul Söwda palatasy, eksportçyny 38 sergä gatnaşdyrar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň markalaryny dünýä sergilerinde tanyşdyrmak üçin hüjüme geçendiklerini bellän Stambul Söwda palatasynyň başlygy Şekip Awdagiçiň: “2019-njy ýyly Ykdysadyýetimize Global nepes: Eksport ýyly hökmünde yglan edýäris, 38 sergä gatnaşarys” diýendigini beýan edýär. Habarda Şekip Awdagiçiň: “Stambul Söwda palatasynyň 2019-njy ýylda Türkiýäni önümçilik güýji bilen özüne çekýän ýagdaýa getirmek üçin iş alyp barýarys. Öňümizdäki ýyl agzalarymyzy ýanwar aýyndan dekabr aýyna çenli 38 sergä, 900 firmamyz we 17 müň ind metrlik meýdan bilen gatnaşyp, türk önümlerini tanyşdyrarys” diýendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “TBMM-de Owganystan ygtyýarnamasy kabul edildi” söz başyly habarynda, TBMM-niň Baş geňeşinde Konstitutsiýanyň 92-nji maddasyna laýyklykda berilýän, NATO-nyň çäginde Owganystana esger ibermek möhlediniň ýene-de 2 ýyl uzaldylmagy bilen bagly Prezidentiniň ygtyýarnamasynyň kabul edilendigini habar berýär. Hökümete berilen ygtyýarnamanyň möhledi 2019-njy ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlap 2 ýyly öz içine alýar.

Sabah gazedi: “Ýewropa Ýadro ylmy-derňew merkezinde (CERN) türk zenanlarynyň sany artýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2015-nji ýylda Ýewropa Ýadro ylmy-derňew merkezine partnýor hökmünde agza bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Geçen etapda türk firmalarynyň Ýewropa Ýadro ylmy-derňew merkezinde tender we beýleki etaplarda möhüm peýdalar gördi. Türk senagatçylar ýokary tehnologiýaly önümçilik we haryt görnüşleri babatyndaky işlerini çaltlandyrdy. Türk işewür adamlarynyň CERN taslamasy tenderlerindäki zenan başlyklarynyň derejesi bolsa 20 göterimden hem geçdi.


Etiketkalar: gazet , metbugat

Degişli Habarlar