Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Erdoganyň Siriýa beýanaty” söz başyly habarynda Prezident Erdoganyň, esgerlerini Siriýadan çekmek barada karar kabul eden ABŞ-nyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýetine ýetirendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär

Prezident Erdogan žurnalistleriň Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegi baradaky soragyna “ABŞ öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirdi, emma Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň beýanaty bolsa tapawutly. Biz Jenap Trampyň beýanatyna esaslanýarys we onuň bilen bu etapdaky hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýäris. Egindeşlerimiz gysga wagtda Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda bolar we şol saparyň netijesine görä, men Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşaryn” diýip jogap berdi.

“Haber Türk” gazeti “Çavuşoglı: Türkiye, Siriya girerin diyen bolsa girer” söz başılı habarında, Daşarı işler ministri Mevlüt Çavuşoglınıň ABŞ-nıň Siriyadan çekilmek kararı barada beyanat berendigini yazyar.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Türkiýe, Siriýa girerin diýen bolsa girer. Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmek etabynda ABŞ bilen utgaşykly hereket ederis” diýdi.

“Watan” gazeti “Ministr Akaryň operasiýa beýanaty” söz başyly habarynda Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň paýtagt Ankarada žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap berendigini habar berýar.

Akar “Ýefradyň gündogaryna guraljak operasiýa üçin görülýän taýarlyklar dowam edýär”diýdi.

Žurnalistleriň ABŞ bilen gazanylan Manbij iş meýilnasy ylalaşygy hakyndaky soraglaryna hem jogap beren Akar “Meýilnama meselesinde hiç hili kynçylyk ýok”diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Denizlide taryhy galyndy tapyldy” söz başyly habarynda Denizli welaýatynda geçirilýän gazuw agtaryş işlerinde mundan 2-9 million ýyl ozal ýaşandygy çaklanylýan 14 haýwana degişli galyndylaryň tapylandygyny ýazýar.

Alymlar geljek ýyl 65 million ýyl ozal ýaşap geçen dinazawrlara degişli galyndylary barlar.

Geçen ýyl geçirlen barlaglaryň çäginde täze galyndylaryň tapylandygyny aýdan Pamukkale uniwersitetiniň Gealogiýa inženerçiligi fakultetiniň mugallymy Prof. Dr. M. Jihat Alçiçek “Bu ylmy barlag işi bilen Anadolydaky ýaşaýşyň taryhy barada täze maglumatlaryň edinilmegini maksat edinýäris” diýdi.

“Star” gazeti Şanlyurfa welaýatynyň Harran etrabyndaky 9 asyrlyk Harran köşgünde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde taryhy hamamyň tapylandygyny mälim edýär.

Harran uniwersitetiniň Arhealogiýa bölüminiň we Harran gazuw agtaryş toparynyň başlygy Prof. Dr. Mehmet Önal köşkde geçirlen gazuw agtaryş işlerinde taryhy galyndylaryň tapylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar