Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

 

 

“Hürriýet” gazeti “Siriýa kürtlerini PKK/PÝD-nyň zulumyna sezewar etmeris” söz başyly habarynda Prezdent R. T. Erdoganyň Beştepede Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde geçirlen “Maýyp raýatlaryň we döwlet hemaýatyndaky ýaşlaryň döwlet edaralaryna işe ýerleşdiriliş” dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan dabarada sözlän sözünde Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýalar üçin görülýän taýarlyklar barada möhüm ýüzlenme berdi.

Erdogan “Siriýa kürtlerini PKK-nyň zulumyna sezewar etmeris. Siriýadaky araplaryň, kürtleriň başdan geçirýän kynçylyklaryny öz kynçylyklarymyz ýaly görýäris”diýdi.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşoglundan möhüm beýanat” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK ýaly bäbekleriň ganhory hökmünde häsiýetlendirendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Mewlüt Çawuşogly düýn Tunise guran saparynyň çäginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada möhüm beýanat berdi.

Netanýahunyň Türkiýe hakynda aýdan sözlerine reaksiýa bildiren Çawuşogly  “Netanýahu soňky günlerde biynjalyk, çünki Siriýany bölüp bilmejekdigine göz ýetirdi. Netanýahu ÝPG/PKK bilen Siriýany bölmegi maksat edinýärdi, PKK simpatiýasy bar. Maksatnamalary bozuldy. PKK bilen Neýanýahunyň umumy özboluşlygy, ikisiniňem bäbekleriň ganhory bolmagy” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bir hepde-de 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, soňkı bir hepde-de terror guramalarına garşı ýurduň içinde geçirlen operasiýalarda 1-i guramanıň ýokarı derejeli ýolbaşçısı bolmak bilen 12 terrorçı täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar

Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda dekabr aýınıň 17-24-i aralıgında terror guramalarına garşı 2442 operasiýanıň geçirlendigi nıgtaldı

Operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçılarıň arasında çal kateogriýada ýer alýan Adnan Saw hem bar.

Operasiýalarda ekstremist terror guraması PKK bilen arabaglanşıklı 192, Fetullahçı terror guraması FETÖ bilen arabaglanşıklı 450, terror guraması DAIŞ bilen arabaglanşıklı 17 we çepçi terror guramaları bilen arabaglanşıklı hem 15 adam saklandı.

“Haber Türk” gazeti “İňlisler Türkiýede dynç almak isleýär” söz başyly habarynda iňlisleriň 2019-njy ýylda Mugla welaaýtynyň Marmaris etrabynda dynç almak isleýändiklerini ýazýar.

Türkiýäniň Syýahat Agentlikleri bileleşiginiň Marmarisden jogapkär wekili Suat Esin, iňlisleriň Marmarisde dynç almagy saýlap almaklaryndan hoşaldyklaryny belledi.



Degişli Habarlar