Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Arnawutköýde çykyş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulyň Arnawutköý etrabynda geçirilen köpçülikleýin açylyş dabarasynda sözlän sözünde, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýaha güýçli reaksiýa bildirendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň “Netanýahu sen ýalňyş gapa geldin. Erdogan ejir çekenleriň sesi. Sen zalymlaryň sesi. Sen döwlet terroryny alyp barýaň. Sen zalym” diýendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “İbrahim Kalyn we Ömer Çelik Netanýaha reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäni Kiprde basybalyjy hökmünde günäkärläp, türk goşunlarynyň terrorçylyga garşy operasiýalary barada günäkärleýiji sözler aýdan Binýamin Netanýaha reaksiýa bildiren Prezidenti Metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň “Ýurdunda jenaýat işleri bilen başy dertde bolan Netanýahu ünsleri başga tarapa sowmak isleýär, emma boş. Ysraýylyň basybalyjylykly we zalym syýasatlarynyň üssüni ýapyp bilmez, Prezidentimiziň sussuny basyp bilmezler” diýendigini ýazýar. Gazet Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çeligiň bolsa “Prezidentimize we harby goşunlarymyza şyltak atyp, hakykatlaryň üssüni ýapmak isleýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Kandile we Hakurka howa operasiýasy” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygyndaky Kandil we Hakurk etraplaryna düýn guralan howa operasiýalarynda harby bazalara hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, terror guramasyna degişli gowaklaryň, gaçybatalgalaryň hatardan çykarylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Gahryman harby deňiz güýçleri gündogar Ortaýer deňizinde harby talime gatnaşdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň resmi Twitter hasabyndan berilen habarnamada gahryman deňiz güýçlerine degişli bir fyrkat bilen dik uçaryň gündogar Ortaýer deňzinde halka suw giňişliginde harby tälim geçirendigini mälim edýär. Habarnamada: “Deňiz güýçlerimize degişli “TJG Giresun fyrkaty we bir deňiz dik uçarymyz bilen Fransiýanyň deňiz güýçlerine degişli FS Akoint” gämisinin gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda gündogar Ortaýer denizinde halkara suw giňişliginde harby tälim geçirildi” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa dört ýyl soň daşary ýurtly syýahatçy sanynda Stambuldan öňe geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylaryň gelýän esasy şäherlerinden biri bolan Antalýa 2014-nji ýylda Stambula aldyran liderliğini şu ýyl yzyna alandygyna ünsleri çekýär. Gazet Antalýanyň Şäher geňeşiniň Syýahatçylyk boýunça İşjeň toparynyň başlygy Rejep Ýawuzyň resmi görkezijilere görä ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna çenli Antalýan gelen daşary ýurtly syýahatçy sanynyň 12,5 milliondan geçendigini, Stambula bolsa 11 million 340 müň syýahatçy bilen ikinji orny eýeleýändigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar