Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: “Edilmeli möhüm başlangyçlar bar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan bilen Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Hasan Ruhaniniň düýn Prezidentiň kompleksinde geçiren duşuşygyndan soň bilelikde beýannama berendiklerini ýazýar. Gazet Erdoganyň “Umumy päsgelçilikleri ortadan aýyrmak üçin egilşiksiz tagalla ederis. Sebitimizde dowam çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Türkiýäniň we Eýranyň edere möhüm başlangyçlary bar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Akar: İndi öňümizde Manbij we Ýefradyň gündogary bar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryny basyp alyp, çukur we tunel gazan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK terrorçylarynyň gazan çukurlaryna gömüljekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. Habarda ministr Akaryň Kataryň garaşsyzlyk güni mynasybetli patragt Doha guran saparynyň dowamynda beren beýanatynda; “İndi öňümizde Manbij we Ýefradyň gündogary bar. Bu meselede güýçli taýarlyklar dowam edýär” diýendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Sabah” gazeti “Milli raketa “Bora” nyşanany gyşarnyksyz urdy” söz başyly habarynda, milli raketa “Boranyň” synag atyşynyň wideo ýazgylarynyň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilendigini mälim edýär. Gazet wideo ýazgyny Goranyş senagaty ministri İsmail Demiriň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Syýahatçylar Türkiýä, Kuba we ABŞ-na gönükdi” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “Taým” gazetiniň ÝB-den çekilmek bilen bagly diskussiýalardan soň syýahatçylaryň geljek tomus üçin dynç alynjak ýurtlaryň hatarnda Türkiýäni, Kubany we ABŞ-ny saýlap alandyklaryny ýazýar.

“Star” gazeti “İznik UNESKO-nyň Medeni miras sanawyna girer” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Medeniýet ministrliginde işleýän arheologlaryň Bursa welaýatynyň taryhy etraby İznikde barlag işlerini geçirýändigini, arheologlaryň Gündogar Rim imperatory Ýustinýanus 1-njiniň döwründe gurulan 1500 ýyllyk taryhy Rim köprüsini abatlanan halatynda İznigiň BMG-niň Ylym, Bilim we Medeniýet düzüminiň Dünýäniň medeni miras sanawyna goşuljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.



Degişli Habarlar