Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Milli harby uçar şemal synagynda” söz başyly habarynda Ýewropada tanymal 5-nji nesip harby uçar taslamasy bolan milli harby uçar TF-X-iň şemal tunelinde synagdan geçirilýändigini ýazýar.

Uçaryň synaglaryny gysga wagtda tamamlamak isleýän Türkiýe milli harby uçaryny 2033-nji ýylda öndürmegi we 400 uçaryň eksport edilmegi üçin taýarlyk görmegi maksat edinýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe raýat awiasiýasy boýunça taryh ýazdy” söz başyly habarynda 176 ýurtdan 2 müňe golaý howa menzilini özünde jemleýän Ýewropa howa menzilleri geňeşiniň 2008-2018-nji ýyllary öz içine alýan habarnamasyny çap edendigini mälim edýär.

Habarnama görä, Türkiýe soňky 10 ýylda uçuş merkezleriniň sany 191 göterim artdyryp Ýewropada uçuş torgyny artdyran esasy ýurtlardan biri boldy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň iň uly harby gämisi TJG Anadoly 1 ýyl ir gowşurlar” söz başyly habarynda türk deňiz flodynyň iň uly gämisi bolan “Köp ugurly TJG Anadoly Amfibi hüjüm gämisiniň gurulmagy etabynyň depgininiň güýçlenendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Türkiýäniň iň uly harby gämisi TJG Anadoly gämisi meýilleşdirilşinden 1 ýyl öň 2020-njy ýylyň soňky çärýeginde Deňiz güýçlerine gowşurlar.

“Sabah” gazeti “2018-nji ýylda Izmire esasan nemes syýahatçylar geldi” söz başyly habarynda oktýabar aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 25,5 göterim artyp 3,8 million adama ýetendigini ýazýar.

Türkiýä gelen nemesleriň esasy bölegi bolsa Izmirde dynç almagy saýlap aldy.

Izmir oktýabr aýyna çenli Russiýa, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa ýaly ýurtlardan 966 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi.

Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 604 müň 73 adam bilen Russiýa birinji, 589 müň 626 adam bilen Germaniýa ikinji, 264 müň 17 adam bilen Brtianiýa üçüni ýeri eýeledi.



Degişli Habarlar