Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1087683
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Fuat Oktaý mälim etdi: Türkiýe çekildi” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň, düýn Türkiýäniň Italiýada geçirilen Halkara Liwiýa konferensiýasyndan çekilendigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet konferensiýanyň geçirilen ýeri bolan ýurdyň Palermo şäherindäki myhmanhanada metbugat işgärlerine beýanat beren Fuat Oktaýyň: "Halkara jemgyýet gynansagam şu gün irden bir pikire gelip bilmedi. Käbir ýurtlaryň etaby öz bähbitlerine laýyklykda dowam etdirdigi saýyn Liwiýada durnuklylyk ýola goýulyp bilinmez. Liwiýanyň daşary ýurtlaryň has köp däl, has hem az goşulmagyna mätäçligi bar" diýendigini belleýär. Habarda beýleki ýurtlaryň tersine Türkiýäniň, Liwiýaly we sebitleýin ähli aktýorlar bilen giňişleýin dialoga açykdygyny aýdan Fuat Oktaýyň: "Liwiýadaky kyn şertlerde jogapkärçiligi bolanlaryň, ýurdyň düzelmegine hiç hili oňyn goşant goşmaklary mümkin däldir" diýendigi ýazylýar.

Sabah gazedi: “Stambul howa menzilinden 15 müň adam uçdy” söz başyly habarynda, Türk Howa ýollarynyň, 31-nji oktýabrda uçar saparlarynyň başlan Stambul howa menzilini 2 hepdede 15 müň adamyň ulanandygyny habar berendigini nygtaýar. Gazet Bilal Ekşiniň sosial media hasabyndan: “Stambul howa menzili uçýar. Häzirki wagta çenli Stambul howa menzilini ulanan ýolagçylaryň sany 15 müňden geçdi. Ankara, Izmir, Antalýa, Erjan we Baku gündelik uçar gatnawlarymyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli 43 müň adam biletlerini aldy. Beýik taslama, uly tolgunma” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: “Türk baly iň köp Germaniýa satyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň ilkinji 10 aýynda 21 million 785 müň 623 dollarlyk ary balyny eksport edendigini malim edýär. Gazet Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň berýän hasabatyna görä, ýylyň ilkinji 10 aýlyk döwründe 44 ýurda 5 müň 458 tonna ary baly satylandygyny beyan edýär. Habarda balyň daşary ýurt satuwlarynda 2 müň 207 tonna bilen Germaniýanyň ilkinji bolandygy ýazylýar. Gazet bu ýurda edilen eksportdan 10 million 116 müň 939 dollar girdeji alynandygyny nygtaýar. Gazet şol döwürde ABŞ-e 5 million 36 müň 125 dollarlyk, Ispaniýa 1 million 324 müň 16 dollarlyk, Saud Arabystanyna bolsa 1 million 280 müň 415 dollarlyk bal satylandygyny aýan edýär.  

Haber Türk gazedi: “Türkiýä 97 müň daşary ýurtly raýata iş gapysy boldy” söz başyly habarynda, Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 97 müň daşary ýurtly raýata iş rugsadynyň berilendigini habar berýär. Iş rugsady berilen ýurtlaryň sanawynda Siriýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Ukraina, Hytaý we Türkmenistanyň raýatlarynyň öň hatardadyklary mälim edilýär. Finlýandiýadan Meksika, Ýaponiýadan Braziliýa, Estoniýadan Peru çenli dünýäniň çar tarapyndan gelen adamlara iş mümkinçiligi döreden Türkiýäniň 165 tapawutly ýurdyň raýatyna iş gapysy bolandygyny belleýär.

Star gazedi: “Beşiktaş arkaýynlyk bilen üstün çykdy” söz başyly habarynda, Beşiktaş zenanlar Woleýbol toparynyň, CEV Challenge kubogynyň 2-nji tapgyryndaky duşuşygynda Kosowanyň wekili Kastrioti toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar