Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Ministr Akar ABŞ-nyň PKK-nyň ýolbaşçylary bilen bagly karary warada beýanat berdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli adamlaryndan biriniň ýerini “Adalat üçin baýrak” maksatnamasynyň çäginde habar berenlere baýrak bermek baradaky kararyna kanagatlanma bildirip; “giç kabul edilen karar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “ÝB Türkiýäniň agzalyk tapgyryny goldaýar” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegini goldaýandygyny beýan edendigini ýazýar. Gazet ÝB Komissiýasynyň Metbugat sekretary Margaritis Skinasyň gündelik metbugat ýygnagynda “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysynyň “ÝB Komissiýasynyň agzalyk işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Ýohannes Han Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň bes edilmelidigini aýtdy. Ol ÝB Komissiýasynyň resmi garaýyşyny beýan edýärmi” diýlen soragyna jogap berdi. ÝB Komissiýasynyň resmi garaýyşynyň “diňe we diňe” Başlyk Ýan Klod Ýunker tarapyndan beýan edilip bilinjekdigini nygtan Skinas; “ÝB Komissiýasynyň resmi garaýyşy Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň dowam etmegidir” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýe şol geňeşe gatnaşar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Dubaide geçirilen Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň geňeşiniň saýlawynda 146 ýurduň sesini alyp, agzalyga hukuk gazanandygyny mälim edýär. Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada, global derejede aragatnaşyk ulgamlarynyň we hyzmatlarynyň arasynda utgaşyklygy üpjün etmegi nazarda tutýan BMG-niň ýörite düzümi bolan Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň geňeşine agzalyk saýlawlarynyň üstümizdäki aýyň 5-de Dubaide geçirilendigi ýatladylýar. Beýannamada; “Saýlawda Türkiýe 146 ýurduň ses bermeginde bäşinji gezek agzalyga hukuk gazandy” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Howa ýoly ýolagçylarynyň sany 10 aýda 183 milliona golaýlady” söz başyly habarynda, Türkiýe boýunça üstümizdäki ýylyň oktýabr aýyna çenli howa ýolunda 182 million 709 müň 862 ýolagça hyzmat berilendigini ýazýar. Gazet Döwlet howa menzilleri edarasynyň oktýabr aýyna degişli howa ýoly, uçar we ýük daşaýyş hasabatyny çap edendigini, şoňa laýyklykda oktýabr aýynda howa menzillerine gonup-uçan uçar sany içerki gatnawlarda 75,583, halkara gatnawlarda bolsa 61,332.


Etiketkalar: ÝB , Hulusi Akar , PKK

Degişli Habarlar