Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

ünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogan gagauz türklerine ýüzlenip çykyş etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Komratda gagauz türklerine ýüzlenip çykyş edendigini habar berýär. Gazet Komratda örän ýakyn wagtda başkonsullygyň açyljakdygy barada buşlukly habar beren Erdoganyň: “Moldowada 5 möhüm şertnama gol çekdik. Aramyzdaky gatnaşyklar has hem güýçlener, örän ýakyn wagtda başkonsullyk hem açarys. Ýadyňyzdan çykarmaň, biz Adriatik deňizinden Hytaýyň diwarlaryna çenli baryp ýetýän 300 millionlyk uly bir maşgalanyň agzalarydyrys” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: “Ministr Albaýrak: Türk ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk etaby durdy” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, Nesil we Ýol senagat we söwda bileleşiginiň (BRICA) Stambuldaky maslahatynda: “Türkiýäniň ykdysadyýetinde we maliýe bazarlardaky durnuksyzlyk etaby durdy” diýendigini, türk lirasynyň amerikan dollaryna garanyňda 21 göterim koeffisiýent gymmatlandygyny aýdandygyny mälim edýär.

Star gazedi: “Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine 7-nji A400M gowşuryldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň taktiki transport mümkinçiliklerini artdyran we uçýan gala hökmünde häsýetlendirilýän A400M uçarlarynyň sanynyň artýandygyny beýan edýär. Gazet Harby howa güýçleriniň zerurlyklaryny üpjün edilmegi maksady bilen, Goranyş senagaty müdürligi tarapyndan alynyp barylan A400M taslamasynyň çäginde 7-nji uçar, öndürilen ýeri bolan Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde tamamlananyndan, synagdan geçirileninden we kabul ediş işlerinden soň türk uçarmanlary tarapyndan Türkiýä getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Uçar Kaýseri 12-nji Howa transport bazasy serkerdeligine gowşuryldy.

Haber Türk gazedi: “Pamukkale 9 aýda syýahatçy rekordy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň möhüm ýerleriniň biri hökmünde kabul edilýän we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Miras sanawyna girizilen Pamukkale şu ýyl gelen syýahatçylarynyň sanynyň 1 million 750 müň adama ýetip, geçen ýyla garanyňda 40 göterim artandygyny habar berýär. “Ak Jennet” hem diýip atlandyrylýan Pamukkale ýylyň ilkinji 9 aýynda gelen syýahatçylaryň sany, soňky 4 ýylyň iň ýokary derejesi hökmünde bellige alyndy.

Sabah gazedi: “Ahlat Agajy filmi London kino-film festiwalynda” söz başyly habarynda, režissýory Nuri Bilge Jeýlan bolan “Ahlat Agajy” filminiň, London kino-film festiwalynyň çäginde kino muşdaklaryna görkezilendigini aýan edýär. Habarda Londonyň iň gowy kinoteatrlaryndan biri hökmünde hasaplanýan 400 adamlyk Kurzon Maýfairdäki görkezilişe Nuri Bilge Jeýlanyň hem gatanaşandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar