Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Çawuşogly Yrakda möhüm beýanat berdi” söz başyly habarynda resmi sapar bilen Yraga giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde möhüm beýanatlar berendigini ýazýar.

Ministr Çawuşogly beýanatynda “Ozal howpsyzlyk sebäpli ýapylan Yragyň Basra we Mosul şäherlerindäki konsulluklarymyzy ýaňadandan açýarys” diýdi.

Türkiýäniň halkara hukuk kadalarynyň çäginde terrora garşy göreşini dowam etdirjekdigini aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly “Bu Yragyň serhetleriniň basgylanmagy manysyny aňlatmaýar, serhetaşa harby operasiýalar halkara hukuga laýyklykda geçirilýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Bujet deňagramlylygy awgust aýynda üç ýyl soň ilkinji gezek köp boldy” söz başyly habarynda bujet deňagramlylygynyň awgust aýynda 2,6 milliard dollar bilen üç ýyl soň ilkinji gezek köp bolandygyny ýazýar.

Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky 2018-nji ýylyň awgust aýyndaky bujet deňagramlylygynyň görkezijileri hakynda maglumat berdi.

Görkezijilere görä, üstümizdäki ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde bujet ýetmezçiligi 30,6 milliard dollara barabar boldy.

“Watan” gazeti “Ýerli bomba atarlar ýolda” söz başyly habarynda howpsyzlyk güýçleriniň bomba atarlar bilen üpjün edilmegi üçin Goranyş senagaty edarasy tarapyndan geçirlen tendre gatnaşan Konýadaky ýarag firmasynyň, Gury ýer güýçleri üçin 8 müň sany “AK40-GL” bomba atar öndürjekdigini habar berýär.

Bomba atarlaryň 6 aý soň Gury ýer güýçleri serkerdeligine tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

“Star” gazeti “Türk goranyş enjamlary ABŞ-da sergilendi” söz başyly habarynda Türk goranyş senagatynyň tanymal firmalary ROKETSAN we REPKON-yň Waşingtonda geçirlen AUSA 2018 sergisine gatnaşandygyny habar berýär.

ROKETSAN we REPKON birnäçe ýurduň gatnaşmagynda geçirlen sergide döwrebap tehnalogiýa enjamlaryny tanatdy.

“Haber Türk” gazeti türk gurluşyk firmalarynyň soňky ýyllarda Afrikada uly taslamalary durmuşa geçirýändigini aýan edýär.


Etiketkalar: gazet , bomba , REPKON , ROKETSAN

Degişli Habarlar