Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdogandan Afrika möhüm çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Afrika ýurtlaryna özara gatnaşyklarda milli pul birlikleriniň ulanylmagy barada çagyryş berendigini habar berýär. Gazet Prezident Erdoganyň Stambulda geçirlen Türkiýe-Afrika ykdysadyýet we işewürler forumynda eden çykyşynda Türkiýe hökmünde Afrika ýurtlary bilen edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini aýdandygyny beyan edýär. Habarda Erdoganyň “10-15 ýyl ozal diňe belli sebitlerde we ugurlarda ýakyndan tanalýan Türkiýe şu günki günde dünýäniň iň tanymal 6-njy diplomatik ulgamyna eýe bolan ýurt ýagdaýyna geldi” diýendigi bellenýär. Gazet Prezident Erdoganyň üçünji Türkiýe-Afrika maslahatynyň 2019-njy ýylda Stambulda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Türkiýäniň dünýäniň iň uly diplomatik wekilhanasynyň Somalide açylandygyna ünsi çeken Erdoganyň “ Ilçihanalarymyz bilen birlikde Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy Agentligi TIKA, Ýunus Emre instituty, Magarif gaznasy, Anadoly habarlar gullugy, Türk Howa Ýollary ýaly guramalarymyz arkaly Afrikada uly işleri durmuşa geçirýäris” diýendigini nygtaýar. Habarda Afrika ýurtlaryna ýüzlenen Erdogan yň“Afrikaly dostlarymyza, doganlarymyza özara gatnaşyklarymyzda milli pur birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berýärin” diýendigi malim edilýär.

Hürriýet Gazedi: “Stambuldaky täze howa menziliň biletleri satylmaga başlanar” söz başyly habarynda, Türk Howa ýollarynyň Stambuldaky täze howa menzili üçin bilet satuwlaryny birnäçe günüň dowamynda başlatjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ägirt uly taslamanyň resmi açylyşyndan soň, Türk Howa ýollarynyň, ýurdyň öz içindäki we daşary ýurt saparlarynyň käbirlerini bu ýerden ýerine ýetirjekdigi ýazylýar. Satyşa çykaryljak saparlaryň arasynda Izmir, Adana, Ankara, Antalýa, Baku we DKTR ýaly nokatlara uçar gatnawlary ýerine ýetiriler. Stambul täze howa menzliniň ýolagçy paýynyň 70 göterimi Türk howa ýollaryna degişli bolar. Täze howa menziline göçmek işleri bolsa 30-31-nji dekbarda bolar.

Watan gazedi: “Atak dikuçarynyň täze mümkinçilikleri” söz başyly habarynda, howpsyzlyk güýçleriniň inwentaryndakyAtak dikuçarlarynyň sanynyň täzeleri bilen artýan mahaly, mümkinçilikleri özgerdiljek täze dikuçarlar bilen bagly işleriň hem dowam edýändigini mälim edýär. Atak dikuçarlary üçin ýerli dwigateliň öndürilmegi we 20 mm sistemasynyň ýerlileşdirilmegi maksat edinilýär.

Haber Türk gazedi: “Mugla gelen syýahatçylaryň sany 32 göterim artdy” söz başyly habarynda, Mugla welaýatyna ýylyň ilkinji 9 aýynda dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 32 göterim artandygyny beýan edýär. Gazet Mugla welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Filiz Karajaagajyň Mugla dynç almaga gelen daşary ýurtlar syýahatçylaryň sanawynda iňlisleriň 1-nji orundadygyny mälim edýär. Habarda Filiz Karajaagajyň: “Mugla iň köp dynç almaga gelen syýahatçylaryň arasynda 900 müň 75 adam bilen iňlisler bar. Iňlislerden soň 380 müň 487 adam bilen ruslar gelýär, ruslardan soň 177 müň 94 adam bilen nemesler, 168 müň 165 adam bilen ukrainlar we 132 müň 895 adam bilen polýaklar bar” diýendigi nygtalýar.

Star gazedi: “Ýerli we daşary ýurtly kuklajylar paýtagtda duşuşar” söz başyly habarynda, şu ýyl 4-nji gezek geçiriljek Halkara Ankara Kukla festiwalynda 9 ýurtdan 36 oýunyň görkeziljekdigini habar berýär. 12-21-nji oktýabr aralygynda geçiriljek we Ankara uniwersitediniň Dil Taryh we geografiýa fakultediniň Farabi zalynda “Sokratyň soňky gijesi” oýuny bilen açyljak festiwalyň çäginde biri-birinden tapawutly çäreler we Aýşe Uslayň miniatýur işlerinden ybarat Garagöz figuralary atly sergi geçiriler.


Etiketkalar: Atak , Afrika , Erdogan

Degişli Habarlar