Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Çawuşogly bilen Pompeo telefon söhbetdeşliginde Prezident R. T. Erdogan bilen rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda Soçide gazanylan Idlib ylalaşygy hakynda pikir alyşdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Akar Russiýa bilen utgaşykly ýagdaýda işleşeris” söz başyly habarynda Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Soçide gazanylan ylalaşygy degişli ýurtlar we sebitiň halky üçin “möhüm netije” hökmünde häsiýetlendirendigini habar berýär.

Ministr Akar “Russiýa bilen Idlib meselesinde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem utgaşykly ýagdaýda işleşeris” diýdi.

“Star”gazeti “Daşary işler ministriligi Amerikan halkyna gynanç bildirdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň Florens tupany sebäpli ABŞ-da köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirendigini ýazýar.

Daşary işler ministrliginiň gynanç hatynda “Tupanda ýogalanlaryň hossarlaryna we amerikan halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

“Hürriýet” gazeti “Dünýä Türkiýäniň çar tarapyna haýran” söz başyly habarynda Gökowa aýlagynda ýerleşýän Sedir adasyndaky “Kleopatra”plýažynyň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň köp gelýän ýerlerinden birine öwrülendigini aýan edýär.

Sedir adasynyň ýerli syýahatçylar bilen birlikde daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsünü özüne çekýändigini aýdan Mugla welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdüriň wekili Filiz Karajaagaç şu ýyl ada gelen Russiýaly we Ukrainaly syýahatçylaryň sanynyň has köpelendigini belledi.

“Watan” gazeti “Türk balygy dünýäde halanýan balyk ýagdaýyna geldi” söz başyly habarynda suw we maldarçylyk önümleri pudagynyň eksportynyň 2018-nji ýylyň 8 aýynda 1 milliard 625 million dollara barabar bolandygyny habar berýär.

Suw önümleriniň şol eksportda 640 million dollar bilen esasy orun eýeleýändigini aýdan Suw önümlerini öndürijiler merkeziniň başlygynyň orunbasary Ihsan Bozan “Okun we spar balyklarymyz ýokary tagamy bilen ünsleri özüne çekýär. Azyk howpsyzlygy meselesinde türk balygy halanýan balyk ýagdaýa geldi” diýen sözlerine ýer berýär.



Degişli Habarlar