Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan bilen Putin, Idlibde ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy” söz başyly habarynda Türkiýe bilen Russiýanyň Siriýanyň Idlib welaýatynda ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygyny habar berýär.

Türkiýe bilen Russiýa kesgitleniljek ýaragsyz zolagyň serhetlerinde utgaşykly ýagdaýda howpsyzlygy üpjün eder.

Oppozisionerler hem häzirki ýerlerinde öz işini dowam etdirer. Radikal toparlaryň ýaragsyz zolaga girmeginiň öňü alynar. Russiýa, Idlibde çaknyşyksyz zolaga hüjüm edilmezligi üçin degişli çäreleri görer.

Şeýlelikde Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Idlibde uly adamzat pajygasynyň başdan geçirilmezliginiň öňü alyndy.

“Hürriýet” gazeti “Russiýa Siriýanyň Idlib welaýatyna harby operasiýa guramaz” söz başyly habarynda, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň, Siriýanyň Idlib welaýatyna harby operasiýanyň guralmajakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

İdlibdäki ýagdaý barada beýanat beren rus ministr Şoýgu “Idlibe harby operasiýa guralmaz”diýdi.

“Star” gazeti “Adana welaýatynyň tagamlary tanyşdyrlar” söz başyly habarynda Adananyň adaty “Lezzet” fesitwalynyň oktýabr aýynyň 12-14-i aralygynda geçiriljekdigini ýazýar.

Festiwalda  Adananyň ýerli aşpezleriniň taýarlaýan meşhur 200-den gowrak tagamy tanyşdyrlar.

Festiwala dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan aşpezler hem çagyryldy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hemaýatkärliginde geçiriljek festiwalyň çäginde dürli medeni çäreler hem geçirler.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň gowy köçe tagamlary saýlandy; sanawda Stambul hem bar” söz başyly habarynda, Amerikan CNN ýaýlym guramasynyň dünýäniň iň gowy köçe tagamlaryny saýlandygyny habar berýär.

Amatly bahalary hem-de ýurduň tanyşdyrylmagy üçin esasy rol oýnaýan köçe tagamlaryna Türkiýeden Stambul şäheri girdi.

Sanawda Türkiýäniň iň meşhur köçe tagamy hökmünde “simit” görkezildi.

Sanawda şeýle hem “dürüm” we “lahmajun” hakynda hem gürrüň berilýär. “Türk pizzasy” bolan lahmajunyň  doýuryjy lezzetine üns çekilýär.


Etiketkalar: syn , gazet , gündelik gazetler

Degişli Habarlar