Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident R.T.Erdoganyň walýuta baradaky karary” söz başyly habarynda, Prezidentiň türk lirasynyn hümmetiniň goralmagy baradaky permanynyň Resmi gazetde çap edilendigini ýazýar. Gazet permana laýyklykda gozgalýan we gozgalmasyz emläk aluw-satuwlarynda we kireýine alyp-bermekde türk lirasynyň ulanyljakdygyny, walýuta bilen baglaşylan şertnamalaryň 30 günüň dowamynda türk lirasyna öwrüljekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Londonda Türk söwda merkezi açyldy” söz başyly habarynda, Söwda minisdtri Ruhsar Pekjanyň Britaniýanyň paýtagty Londondaky Türk söwda merkeziniň açandygyny ýazýar. Gazet ministr Pekjanyň Türk söwda merkezinde iş alyp barýan keramika, gurluşyk, binagärlik we grafika pudaklaryndaky firmalarynyň harytlary bilen tanyş bolup, maglumat alandygyny, Brtainiýayň halkara derejesinde iş alyp barýan firmalarynyň ofisleriniň ýerleşýän etrabyndaky Türk söwda merkezinde 13 firmanyň ýerleşýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “İdlib meselesiniň çözgüdiniň ýoly Türkiýe bilen hyzmatdaşlykdan geçýär” söz başyly habarynda, Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed Bin Abdurrahman Bin Jasim Al Saniniň Siriýanyň İdlib welaýatynda başdan geçirilýänleriň aladalandyryjydygyny nygtap, çaknyşyksyz zolaklardan biri bolan İdlibiň terrordan saplanmagy we asuda ilatyň goralmagy üçin Türkiýe hem-de sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmelidigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäni buýsandyran raketa bäsleşigi” söz başyly habarynda, Türkiýede ilkinji gezek raketa bäsleşiginiň geçirilýändigini, dünýäde ABŞ-da we Türkiýede guralýan bäsleşige 157 türk toparynyň ýüz tutandygyny, bäsleşige gatnaşyjylardan 5 sanysynyň dizaýn eden raketalarynyň 2800 metr belentlige çenli göterilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Stambulda “Awiasiýa şowy Tehnofest 23-nji sentýabrda başlar” söz başyly habarynda, Stambulyň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly Tehnofeste sanalgyja günüň galandygyny ýatladýar. Sentýabr aýynyň 20-23-i aralygynda geçiriljek festiwala dünýä derejesinde bäsleşikleriň guraljakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar: London , Sabah , Erdogan

Degişli Habarlar